img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ ADYNA HATLAR GELIP GOWUŞDY

photo

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 


Siziň Alyhezretiňize Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende ägirt uly şatlyk duýgusyny döredýär. 

Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagt, Siziň dostlukly halkyňyza bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin. 

Jenap Prezident, gadyrly doganym! 

Hoşniýetli ýörelgelere beslenip gelen Täze ýylda Size we tutuş türkmen halkyna uly üstünlikler, beýik ýeňişler ähli umyt arzuwlaryňyzyň amala aşmagyny arzuw edýärin. 

Şeýle hem Beýik Biribardan Täze ýylda biziň dostlukly halklarymyza we dünýäniň ähli döwletlerine parahatçylyk, adabançylyk we gülläp ösüş eçilmegini dileg edýärin. 

Täze ýylyňyz gutly bolsun! 

Abdel Fattah Al-Sisi, 
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti
 

 

* * *


Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 


Size Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. 

Mohammed VI, 
Marokkonyň Patyşasy
 

 

* * *


Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 


Siziň Alyhezretiňize Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we Size berk jan saglyk, bagt, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy ibermek mende şatlyk duýgusyny döredýär. 

Goý 2019-njy ýyl tutuş dünýä ýurtlary üçin parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň ýylyna öwrülsin! 

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine pugta ynanýaryn. 

Fahad Al-Said, 
Oman Soltanlygynyň Premýer-ministriniň orunbasary