img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

2019-NJY ÝYLYŇ «TÜRKMENISTAN — ROWAÇLYGYŇ WATANY» DIÝIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI GEÇIRILJEK ÇÄRELERIŇ MEÝILNAMASY TASSYKLANDY

photo

Wise-premýer B.Abdyýewa Mejlisiň degişli kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanylan, 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Ýylyň dowamynda dürli medeni çäreleri, halkara maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralary hem-de sport ýaryşlaryny guramak, teatr we opera oýunlaryny taýýarlamak, internet saýtlarynda «Rowaçlyk» sahypasyny açmak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän 2019-njy ýyla bagyşlanan medeni çäreleriň taýýarlyk derejesine ünsi çekip, şolaryň ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerini we baý medeni mirasyny wagyz etmekde, daşary döwletler bilen dostlukly hem-de medeni gatnaşyklaryň berkidilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz guralýan çäreleriň her biriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň bolmalydygyny we çuňňur many-mazmuna beslenmelidigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.