img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RESMI HABARLAR

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 
S.S.MEREDOW hakynda 


Serdar Sähetgulyýewiç Meredowy Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. 


Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 21-nji ýanwary.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 
D.G.MYRADOW hakynda 


Durdymuhammet Geldiýewiç Myradowy Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. 


Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 21-nji ýanwary.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 
GYLYJOW B.N. hakynda 


Gylyjow Baýmyrat Nazlyýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. 


Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 21-nji ýanwary.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 
B.Ý.HUDAÝNAZAROW hakynda 


Bahtyýar Ýagmurowiç Hudaýnazarowy Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. 


Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 21-nji ýanwary.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 
Ş.H.ANNAMYRADOW hakynda 


Şöhrat Hudaýberdiýewiç Annamyradowy, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. 


Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 21-nji ýanwary.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmämmedow Arslan Baýrammämmedowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rahman Pirliýewiç Annaorazow Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramdurdyýew Begenç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýrammyrat Myradowiç Gurbanow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary J.Geldymamedowanyň ýaş çaga seretmek döwründäki rugsady bilen baglanyşykly, onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary Akgül Şirmuhammedowna Toporowanyň üstüne ýüklenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Wezirow Rahman işde goýberen kemçilikleri üçin, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Täçmämmet Erepow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Tahyrgylyç Mämmedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Halatberdi Ýazberdiýewiç Allaberdiýew Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Saparow Ýazly Gaýlyýewiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sapargeldi Narbaýewiç Orunbaýew Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewa başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Maýagul Annamyradowna Nurmyradowa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Maral Rejepmyradowna Durdyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.