img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RESMI HABARLAR

photo

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda 

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin: 

Rahman Joragulyýewiç Hojiýewi Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly; 

Babajan Gurbangeldiýewiç Welmämedowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly; 

Gülröwşen Hemraýewna Annaýewany Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly; 

Gurbanmyrat Meretgeldiýewiç Hudaýberdiýewi Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly; 

Rozymyrat Durdyweliýewiç Hudaýberdiýewi Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly; 

Wepa Muhammetmyradowiç Meredowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli; 

Şöhrat Dädebaýewiç Weljikowy Lebap welaýatynyň Dänew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli; 

Azamat Beşimowiç Çaryýewi Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli; 

Jumageldi Baýramowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly; 

Jumamyrat Kakageldiýewiç Nazarowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly; 

Durdymuhammet Taňyrberdyýewiç Akjaýewi ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly; 

Rejepdurdy Çaryýewiç Hudaýberenowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly; 

Sülgün Amanowna Annadurdyýewany ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly. 

Türkmenistanyň Prezidenti, 
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW