TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÜRKMENISTANYŇ OBA HOJALYK WE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MINISTRLIGINI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ SUW HOJALYGY BARADAKY DÖWLET KOMITETINI DÖRETMEK HAKYNDA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini suw hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn ösdürmek, pudagyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny hem-de Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly we netijeli ulanmak, suw hojalygynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine Adalat ministrligi bilen bilelikde komitet hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny hem-de Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.