img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTAN HALKARA GATNAŞYKLARYNY ÜSTÜNLIKLI ÖSDÜRÝÄR

photo

Şu günki Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda Daşary işler ministrliginiň 2018-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işiniň netijeleri barada hasabat berdi. 

Ýurdumyz seçip alan ugruna berk eýermek bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde dostlukly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara hem-de daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň netijeleri, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyza Daşary işler ministrligi arkaly dürli derejedäki wekiliýetleriň 769-sy geldi. Şol döwürde daşary ýurtlara türkmen wekiliýetleriniň 608-si ugradyldy. Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň ençemesi guraldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üsti gol çekilen resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi. 

Häzirki güne çenli ýurdumyz dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. 

Hasabat döwründe Türkmenistan halkara konwensiýalaryň 5-sine goşuldy, şunlukda, şeýle köptaraplaýyn resminamalaryň 150-sine gatnaşyjy boldy. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň we iş toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi. Olaryň işi dürli döwletler bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary we netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy ugrunyň ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrandygyny aýdyp, umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine ýurdumyzyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň belent münberinden beýan edilen oňyn başlangyçlaryny ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin maksadalaýyk işi dowam etmegi tabşyryp, energetika howpsuzlygy, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we suw diplomatiýasy ýaly möhüm ugurlara ünsi çekdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, mundan beýläk hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara tagallalara anyk goşant goşjakdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdi. 

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen hem-de Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, geçen ýyl milli parlamentiň maslahatlarynyň bäşisi geçirildi, şolaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 61-si hem-de Mejlisiň kararlarynyň 66-sy kabul edildi. 

Halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, türkmen parlamentarileri halkara çärelere hem-de maslahatlara gatnaşdylar, kanunçykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin deputatlar daşary ýurt saparlaryna ugradyldy. Ýylyň dowamynda daşary ýurt döwletleriniň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 58-si, parlamentara duşuşyklaryň 33-si hem-de okuw maslahatlarynyň 83-si geçirildi. 

Mejlis Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzümleýin edaralary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. 

Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. 

Deputatlar ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňden ulanyp, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, parlamentiň kabul edýän täze kanunçylyk namalarynyň hem-de durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça netijeli işleri alyp barýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş-ykdysady özgertmeleri okgunly ilerletmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmäge, halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça işini has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.