RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2019-njy ýylda açylyp, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, şeýle hem raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, 2019-njy ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna hem-de ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçilik etmek degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine tabşyryldy.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi degişli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmäge, şeýle hem möhlet tertibine laýyklykda, her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary hem-de desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň möhlet tertibine laýyklykda alnyp barlyşy barada her aýlyk hasabaty ýöretmek hem-de şol hasabaty degişlilikde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna bermek tabşyryldy.