SENAGAT WE KOMMUNIKASIÝA ULGAMY: TÄZE ÜSTÜNLIKLER
2018-nji ýylda senagat we kommunikasiýa ulgamy pudaklaýyn dolandyryş edaralary hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de önümleri öndürmek boýunça meýilnamany 108,7 göterim berjaý etdiler, şunda ösüş depgini 117,7 göterime deň boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügi öndürmegiň ösüşi 115,9 göterime, nah matalaryň öndürilişi 118,8 göterime, çig ýüpek öndürmekde ösüş 123,1 göterime, tikin we örme önümçiliginde ösüş 138,9 göterime deň boldy. Haly we haly önümçiligi boýunça geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda tabşyryk 134,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 119,3 göterime deň boldy.
Ahal welaýatynyň Babadaýhan we Kaka etraplarynda dokma toplumlarynyň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär.
Hasabat döwründe «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan mineral dökünleriň önümçiligi boýunça ösüş depgini 108,5 göterim derejede üpjün edildi, ýoduň we tehniki uglerodyň önümçilik meýilnamasy degişlilikde 112,1 göterim hem-de 101,3 göterim ýerine ýetirildi.
Senagat ulgamynda gurnama demir-beton önümçiliginde ösüş depgini 101,8 göterim, keramzit önümçiliginde 100,1 göterim üpjün edildi, aýnalaryň dürli görnüşlerini öndürmegiň meýilnamasy 122,5 göterim berjaý edildi.
Awtomobil, demir ýol, howa hem-de deňiz ulaglary arkaly ýük-ýolagçy dolanyşygynda ösüş depgini degişlilikde 103,5 göterime we 101,7 göterime barabar boldy.
Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 199 müň telefon nokady gurnaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Konstitusiýamyza laýyklykda, biz ykdysadyýetimizi döwlete degişlilikden bazar gatnaşyklaryna geçirmeli. Siziň bilşiňiz ýaly, biz şu maksat bilen, senagat, ulag we aragatnaşyk toplumynda özgertmeleri geçirdik diýip nygtady.
Biz Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretdik. Bu ministrlik bahalary we nyrhlary emele getirmek, ulag akymlaryny guramak, sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda döwlet syýasatyny kesgitlär. Dürli halkara guramalarda döwletimize wekilçilik eder. Şoňa görä-de, bu toplumyň ähli kärhanalarynyň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilip, olar hususylaşdyrylýar we paýdarlar jemgyýetlerine öwrülýär.