img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

KÖNEÜRGENJIŇ PAGTA EGRIJI FABRIGINIŇ ÖNÜMLERINIŇ 80 GÖTERIMI DAŞARY ÝURTLARA UGRADYLÝAR

photo

Köneürgenç etrabynyň pagta egriji fabriginiň işgärleri ýanwar aýynda 3,3 million manatlykdan gowrak önüm öndürdiler. Onuň aglaba bölegi daşary ýurtly alyjylara - birža geleşiklerini baglaşan türkiýeli we russiýaly telekeçilere niýetlenendir.

Köneürgenç etrabynyň pagta egriji fabrigi ýylda Daşoguz welaýatynyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan gelýän 6 müň tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işleýär. GFR-iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen kärhana Open End pnewmomehaniki usulda nah-mata ýüplügini öndürýär. Ýylda kärhananyň öndürýän önüminiň 80 göterimi daşary ýurtlara ugradylýar.