HALAÇ ETRABYNDA AGYZ SUW ZAWODY IŞE GIRIZILMÄGE TAÝÝARLANYLÝAR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Altyn bürgüt” hususy kärhanasynyň bina edýän Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky döwrebap agyz suw zawodynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Umuman gurluşyk-montaž, tehnologik we kömekçi enjamlary oturtmak işleri tamamlandy. Kärhananyň binasy gözbaşyny Amyderýadan alýan Esenmeňli magistral kanalyň golaýynda guruldy.

Toplum ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek Baş maksatnamasyna laýyklykda guruldy, häzirki wagtda onuň çäklerinde welaýatlaryň ählisinde, şol sanda Lebap welaýatynda hem agyz suw zawody gurulýar, bar bolan suw arassalaýjy desgalaryň we kommunikasiýalaryň durky täzelenilýär. Halaçda gurulýan zawodyň taslama kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr ýokary hilli suw çykarmaga niýetlenendir. Iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen toplumyň tehnologik ölçeglerinde suwy köp tapgyrda arassalamak, ony ýumşatmak we zyýansyzlandyrmak göz öňünde tutulan. Işler tutuşlygyna kompýuter arkaly dolandyrylar.

Halaç etrabynyda suwuň ummansyz ýerasty gorlarynyň bardygyny bellemek gerek. Golaýda “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri umumy meýdany 59 inedördül metre golaý «Halaç-II» iri agzy suw ýatagyny açdylar.