img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BARADAKY MERKEZI TOPAR UÇASTOK WE OKRUG TOPARLARYNYŇ IŞGÄRLERI ÜÇIN SEMINARLARY GURADY

photo

Türkmenistanda 31-nji martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möheltinden öň çykyp gidenleriniň ýerine saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär.

Saýlawlara taýýarlyk we olary geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda 4-nji we 5-nj fewralda welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň işgärleri üçin okuw seminarlary gurnaldy. Okuw-türgenleşikleri olaryň hünär mümkinçiligini we hukuk bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Duşuşyklarda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri uçastok we okrug toparlarynyň işgärlerini degişli kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary, şeýle hem wajyp jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlygyň we ony geçirmegiň usulýet ugurlary bilen tanyşdyrdylar.