BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY - ŽURNALISTLERIŇ ÜNS MERKEZINDE

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Daşary işler ministrliginiň guramagynda halkara mediaforum geçirildi. Ol şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda boljak birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlandy.

Duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň dünýä belli iri habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň, gazetleriniň hem-de žurnallarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan işler hem-de guralýan çäreler barada žurnalistlere gürrüň bermek üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri çagyryldy.

Mälim bolşy ýaly, birinji Hazar ykdysady forumyny ýurdumyzda geçirmek başlangyjyny hormatly Prezidentimiz Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde öňe sürdi. Milli Liderimiziň pikirine görä, bu forum hökümetleriň, işewür we akademiki toparlarynyň agzalarynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň giňden gatnaşmagynda köptaraply gatnaşyklar üçin hemişelik hereket edýän çärä öwrülmelidir we ony Hazarýaka döwletleriniň her birinde gezekli-gezegine yzygiderli esasda geçirmek zerurdyr.

Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2002-nji ýylda Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitiniň geçirilendigini ýatladýarys. Ol ýakyn hem-de uzak geljek üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugruny kesgitlemek boýunça ygtybarly binýada öwrüldi. Şol döwürden bäri sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy.

2007-nji ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri baradaky Pudagara topary döredildi. Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany taýýarlamak Toparyň esasy wezipesi boldy. Bu işe Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň bilermenleri gatnaşdylar. Degişli toparlar döredildi, şolaryň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda geçirilen gepleşiklerde Konwensiýany ylalaşmak boýunça netijeli peýdalanyldy.

Ikinji Hazar sammiti 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Tähranda geçirildi. Onda sebitiň döwletleriniň Baştutanlary Jarnama gol çekdiler. Şeýlelikde, Aşgabatda başy başlanan hil taýdan täze gatnaşyklar mynasyp derejede dowam etdirildi. Soňra geçirilen sammitlerde kabul edilen möhüm çözgütleriň binýadyny düzdi.

Milli Liderimiz geçirilen duşuşyklarda çykyş edip, ýurdumyzyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, kenarýaka döwletleriniň, olaryň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglanyşýan halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, Hazar deňziniňi meseleleri barada işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk babatda wajyp resminamalaryň taýýarlanmagy we olaryň kabul edilmegi bu ugurda anyk işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk hem-de Hazar deňziniň suw-biologik serişdelerini saklamak we netijeli peýdalanmak hakyndaky ylalaşyk bar. Şolara Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 2014-nji ýylda Astrahan şäherinde geçirilen IV sammitiniň jemleri boýunça gol çekildi.

Şol pursatda jemleýji resminamalaryň toplumyna Hazar deňzinde gidrometeorologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk girizildi. Ol türkmen tarapynyň işjeň tagalla etmek işinde ylalaşyldy. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň Hazar deňzinde gidrometeorologiýa we deňziň hapalanmagyna monitoring boýunça Utgaşdyryjy komitetine başlyklyk edýän döwründe tamamlandy.

Şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňzi boýunça duşuşyklar hem-de forumlary, şeýle hem şu meselelere bagyşlanan halkara maslahatlary yzygiderli geçirilýän merkeze öwrüldi.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklara gol çekildi. Şolary işläp taýýarlamak başlangyçlaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Astrahanda geçirilen IV sammitinde öňe sürdi.

Şu günki mediaforum birinji Hazar ykdysady forumynyň mümkinçiliklerine we geljekki ugurlaryna bagyşlanan wideofilmden başlandy. Bellenilişi ýaly, bu çäre 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa laýyklykda, Hazarýaka ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň täze taryhynda möhüm ähmiýetli wakalaryň başyny başlady.

Bu esasy resminama kenarýaka döwletleriň köpýyllyk gepleşikleriniň netijelerini özünde jemlemek bilen, Hazar deňziniň çäginde täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Öňde boljak ykdysady forumyň gün tertibi giň meseleler toplumyny öz içine alýar. Olar foruma gatnaşyjy döwletleriň özara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin esas bolup hyzmat eder. Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, şol sanda iri halkara taslamalaryny taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek ýaly wajyp ugurlar boýunça meseleleri gün tertibine girizmek göz öňünde tutulýar.

Forumyň çäklerinde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň ählumumy möçberde eýeleýän orny, senagat, energetika, söwda, syýahatçylyk ýaly Hazarýaka döwletleriniň halk hojalygy üçin özara gyzyklanma bildirilýän ugurlara maýa goýumlary çekmek işlerini artdyrmak boýunça pikir alyşmalaryň geçirilmegine garaşylýar.

Birinji Hazar ykdysady forumy V sammitiň jemleri boýunça gol çekilen Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we ulag ulgamynda özara gatnaşyklary hakyndaky Ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalaryň boljakdygy gürrüňsizdir.

Forumyň çäklerinde esasy çäreler bilen bir hatarda halkara maslahat we innowasion tehnologiýalar boýunça sergi guralar. Döwletleriň, işewür toparlaryň we kompaniýalaryň wekilleriniň duşuşyklary we gepleşikleri üçin oňyn şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Foruma gatnaşmak üçin hökümetleriň ýolbaşçylary we agzalary, kenarýaka sebitleriň we ýerine ýetiriji edaralaryň baştutanlary, bank ulgamynyň, işewür toparlaryň wekilleri, şol sanda Hazar deňziniň çäklerinde ykdysady taýdan iş alyp barýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary, ylmy işgärler çagyryldy.

Bu forum Hazar deňziniň çäklerinde we oňa ýanaşyk sebitlerde ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna, Hazar deňziniň Ýewraziýada täze geoykdysady giňişligi döretmekde möhüm orun eýeleýän we häzirki zaman ählumumy meýillerine laýyk gelýän halkara ähmiýetli iri ulag-üstaşyr geçelgesine öwrülmegine kuwwatly itergi berer.

Şeýle hem žurnalistlere internet-saýtlar görkezildi. Şolarda Hazarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň taryhy barada, öňde boljak çäreler hakynda möhüm maglumatlar ýerleşdirildi.

Soňra ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Astrahanda geçirilen IV sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sebitiň ýurtlarynyň ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de berkitmegiň bu ýurtlaryň hökümet düzümleriniň we işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyna baglydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz hemişelik hereket edýän Hazar ykdysady forumyny döretmek hakyndaky teklibini öňe sürdi. Onuň mejlislerini Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka şäherlerinde gezekli-gezegine geçirmek bellenildi. Bu teklip sammitiň jemleri boýunça kabul edilen Ylalaşygyň maddalarynyň birinde öz beýanyny tapdy. Resminama laýyklykda, Hazarýaka ýurtlarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek we berkitmek maksady bilen, Hazar ykdysady forumyny geçirmek göz öňünde tutuldy.

Şonuň çäklerinde sergiler, işewürlik maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky gepleşikler we beýleki çäreler guralyp bilner. Ylalaşyk netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge, Hazarýaka döwletleriniň arasynda senagat, oba hojalygy, söwda, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklaryň hukuk çäklerini döretmäge gönükdirilendir.

Öňde boljak Hazar ykdysady forumynyň bu sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny nygtap, çykyş edenler Türkmenistanyň bäştaraplaýyn gepleşikleri pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini tassykladylar. Halkara mediaforumynyň Hazar deňziniň energetika we ulag ulgamlaryny ykdysady taýdan ösdürmäge bagyşlanan plenar mejlisleri geçirildi. Şonda türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ugratmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, «2013 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» işlenip taýýarlanyldy. Bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda elektrik stansiýalary guruldy, olar içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmaga we elektrik energiýasyny goňşy döwletlere, şol sanda Hazarýaka ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Mediaforuma gatnaşyjylar Türkmenistanyň elektroenergetika düzümi bilen doly tanyşdyryldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, birinji Hazar ykdysady forumy sebitiň ýurtlaryna ählumumy energetika howpsuzlygyny berkitmäge, bu ugurda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berer.

Hazaryň çäklerinde ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek meselesine degip geçmek bilen, mediaforuma gatnaşyjylar geografiki taýdan möhüm ýerde ýerleşýän we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ägirt uly düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan täze Ýüpek ýolunyň möhüm merkezi hökmündäki orny eýeleýär.

Türkmenbaşy şäherinde köp sanly ýöriteleşdirilen terminallary bolan häzirki zaman Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän ýükleriň birnäçe esse artdyrylmagyna mümkinçilik döretmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Ýewraziýa üçin düzüme maýa goýumy çekmäge, Hazarýaka ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Hazaryň türkmen kenarynda iň häzirki zaman deňiz menziliniň açylmagy bilen ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň logistik kompaniýalarynyň bu ugurdaky mümkinçiliklerini has-da artdyrdy. Munuň üçin täze portda dürli amallary ýerine ýetirmek işleri awtomatlaşdyryldy. Işgärleriň we müşderileriň iş şertleri örän ýeňilleşdirildi. Portda ýangyç guýmak, ammarlarda ýükleri ýüklemek hem-de düşürmek, olary gaplamak, lukmançylyk kömegi, ekspeditorçylyk, ýangyn howpsuzlygy, losman hyzmatlary, agentlik hyzmatlary, tirkege almak we labyr taşlamak ýaly halkara ölçeglerine doly kybap gelýän hyzmatlar hödürlenýär. Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlar boýunça täze söwda gatnaşyklaryny açýar. Şu maksat bilen port demir we awtomobil ýollary bilen utgaşýar. Ol logistikanyň esasy maksady bolan hyzmatlary çalt we ygtybarly amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär diýip, mediaforuma gatnaşyjylar nygtadylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde, milli kanunçylyk ulgamy halkara ülňülerine laýyk getirilýär, nebitgaz toplumynda, saglygy goraýyşda, ylym-bilimde, oba hojalygynda hem-de başga-da birnäçe pudaklarda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamaga, ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, daşary söwda gatnaşyklaryny we telekeçilik düzümlerini köpugurly esasda ösdürmäge gönükdirilýän çäreler öz wagtynda kabul edildi.

Hazar sebiti möhüm geosyýasy ýagdaýy eýeleýär hem-de onuň gadymy taryhy, köpöwüşginli medeniýeti, örän baý adam, tebigy we serişde mümkinçilikleri bar. Şol bir wagtyň özünde sebitiň döwletleri ägirt uly tebigy gaz gorlaryna eýedir. Şonuň köp mukdary Hazaryň kenaryndaky çäklerde ýerleşýär. Mundan başga-da, beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň ägirt uly ýataklary bar. Bilelikde işlemek arkaly olar Hazarýaka döwletleriniň her biriniň ykdysady taýdan kuwwatly ösüşini, sebitde täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün eder diýip, foruma gatnaşyjylar bellediler.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň hökümet agzalarynyň, bilermenleriniň, işewür toparlarynyň, ylmy hem-de akademiki işgärleriniň giň toparyny, halkara maýa guramalaryny we edaralaryny çekmek meýilleşdirilýär. Munuň özi wajyp ykdysady meseleleri esaslandyrylan we ylmy taýdan çözmek, hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini taýýarlamak üçin ähmiýetlidir.

Özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylyşyny höweslendirmegiň guralyny işläp taýýarlamak, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny hem-de maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça tejribe alyşmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek we işewür gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak üçin Hazaryň baglanyşdyryjy mümkinçiliklerini peýdalanmak Hazar ykdysady forumynyň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar diýip, mediaforuma gatnaşyjylar bellediler.

Bu ýerde guralan çäräniň ahyrynda myhmanlar işlenip taýýarlanan medeni maksatnamanyň çäklerinde Aşgabadyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşdylar. Olar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde boldular hem-de ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri hakyndaky gymmatly maglumatlar, ol ýa-da beýleki taryhy döwrüň ýyl ýazgysyny tassyk edýän ylmy gollanmalar bilen tanyşdylar. Daşary döwletleriň žurnalistleri Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, halyçylyk sungatynyň ajaýyp nusgalaryny synladylar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda giňden beýan edilýär. Şeýle hem mediaforuma gatnaşyjylar «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, Türkmenistanyň Konstitusiýa we Bitaraplyk binalaryna baryp gördüler.