img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BERLINDE TÜRKMEN-GERMAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILER

photo

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow şu ýylyň 11 — 14-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi. Şol ýerde türkmen wekiliýeti türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gazanylan görkezijileriň söwda toplumynyň edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydygyny nygtady.

Milli Liderimiz daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belläp, bu ugurdaky işleri has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli gural hökmünde bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň eýeleýän möhüm orny barada aýdyp, Berlinde geçiriljek türkmen-german işewürlik maslahatynyň bu ugurda uly ähmiýete eýe boljakdygyna hem-de netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirip, degişli resminama gol çekdi we ony sanly aragatnaşyk arkaly wise-premýere ugratdy.