img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

NEBITGAZ PUDAGYNYŇ GELJEGI: «DÜŞBI GUÝULAR» WE «SANLY ÝATAKLAR»

photo

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow şu ýylyň ýanwar aýynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 103,2 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 107,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň ösüş depgini 113,3 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim, maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 113,5 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek wezipelerine ünsi çekdi. Bu işler dünýäde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşine goşandyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagynda täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygy barada aýdyp, munuň geologiýa-gözleg işleriniň, has çuň gatlaklarda ýerleşen ýangyç ýataklaryny işläp taýýarlamagyň, dowamly ulanylýan känleriň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Nebitgaz pudagyny innowasion taýdan ösdürmek, «düşbi guýularyň» we «sanly ýataklaryň» taslamalaryny hasaba almak bilen, pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.