HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEDEWI — «GALKYNYŞ» TOPARYNA SOWGAT

Şu gün Döwlet sirkinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Galkynyş» toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan ajaýyp bedewi sowgat bermek dabarasy boldy.

Bu waka medeniýeti ösdürmek meselelerine döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns berýändiginiň nobatdaky mysaly boldy. Bu baradaky meselelere hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen ýakynda geçiren duşuşygynda hem garaldy.

«Meniň baş maksadym merdana halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerine, medeniýetine, ruhy güýjüne daýanyp, dünýäde Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmakdyr. Bu bolsa jemgyýetimizi jebisleşdirýär we onuň ösüşini ruhy taýdan baýlaşdyrýar» diýip, milli Liderimiz şol duşuşykda çykyş edeninde aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň we medeniýet ulgamynyň işgärlerini ruhy gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, oňyn tejribämize esaslanyp, öz iş usullaryny has döwrebap ýagdaýa getirmäge çagyryp, ýaşlary höweslendirmegiň, olaryň zehinlerini we mümkinçiliklerini amala aşyrmagy üçin şertleri döretmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň bu aýdanlarynyň iş ýüzünde öz beýanyny tapýandygynyň mysaly hökmünde dünýäde milli mirasymyzy wagyz etmekde uly üstünlikleri gazanan meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna şu gün milli Liderimizden ýene-de bir ajaýyp sowgat edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň ösdürip ýetişdiren Ruhubelent diýen bedewi döwlet Baştutanymyzyň adyndan «Galkynyş» toparyna berildi. Döwlet sirkindäki şu günki nobatdaky çykyşlar hut şu ajaýyp habardan başlandy, sirk şüweleňine gelen tomaşaçylaryň ählisi bolsa bu täzeligi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Şeýle ajaýyp sowgat üçin milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri dabaraly ýaňlandy we açyk reňkli täsin bedew sirk sahnasynda tomaşaçylaryň öňünde ajaýyp kaddy-kamatyny we owadan hereketlerini görkezdi.

Bu ajaýyp bedew Sagdynlyk we ruhubelentlik şygary bilen geçen 2017-nji ýylyň başynda dünýä indi. Şoňa görä-de, taýçanaga mähriban Arkadagymyz Ruhubelent adyny dakypdy. Şonda aýaklanmadyk taýçanak tolgundyryjylyk bilen ýanyndan ýeke ädim hem daşlaşmaýan enesine gysmyljyraýardy. Onuň enesi öz gymmatly neslini mylakatly we aladaçyl seýislere ynanýardy... Iki ýyl geçenden soň bolsa taýçanak ulalyp, güýçlenip, owadan syratly hem-de täsin beden gurluşly, ajaýyp başarnykly we ýokary artistlik ukybyna we hakykatdan-da, özüniň behişdi gözelligi bilen dünýäniň ähli sirk sahnalaryny haýran etmäge taýýar ýagdaýda kemala geldi.

Ady rowaýata öwrülen «asman atlary» ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegine öwrülýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar bu sungatyň ähli çylşyrymly usullaryna ussatlyk bilen erk edýändiklerini görkezdiler.

Halkymyzyň ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen üznüksiz baglydyr. Bu täsin tohumyň ösüşiniň özi halkymyzyň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär, çünki ähli güýjüňi, zehiniňi, kalbyňy asylly işe bagyş edip, tebigat bilen sazlaşykda ajaýyp eseri, gürrüňini edýän ugrumyzda ahalteke bedewini döretmek mümkindir.

Hormatly Prezidentimiziň gymmatly wagtyny behişdi bedewlerimize bagyşlap hem-de olary öz edebi döredijiliginde wasp edip, atlara örän uly söýgi we alada bilen garaýandygy hemmämize mälimdir. Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabyny hem türkmenleriň durmuşynda atlaryň eýeleýän ornuna bagyşlady. Bu kitap dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, dürli ýurtlaryň okyjylaryna adamzadyň öçmejek mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, şol sanda atçylyk sungaty bilen bagly bolan gadymy däp-dessurlaryny dikeltmek meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler «Ganatly bedewler» we «Gadamy batly bedew» ýaly kitaplarda beýanyny tapdy.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda pudagyň düzümini ösdürmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini ýaýmak boýunça deňi-taýy bolmadyk çäreler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ölçeglere kybap gelýän aýlawlar gurlup, olar at çapyşyklaryny geçirmek üçin diňe meýdan bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sportuň milli görnüşini dünýä ýaýýan we köpçülikleýin ösdürýän merkezler hem bolup durýar. «Türkmen atlary» döwlet birleşigi ahalteke atlarynyň tohumynyň hemme gymmatly aýratynlyklaryny we döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň goldaw bermegi netijesinde bu gün täze ömre eýe bolýan atçylygyň däplerini saklamak ýaly möhüm wezipeleri çözmek bilen meşgullanýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2010-njy ýylyň awgustynda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Türkmenistanda, şeýle hem halkara giňişlikde ahalteke atçylygyny ösdürmek işinde bitiren uly işleri üçin ahalteke bedewleriniň hakyky muşdagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu assosiasiýanyň Prezidentligine biragyzdan saýlanyldy. Türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna örän gymmatly goşandy bolup durýan ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny artdyrmak, arassa ganly atlaryň takyk hasabyny ýöretmek, halkara atçylyk sport ýaryşlaryny guramak, halkara atçylyk guramalary bilen tejribe alyşmak arkaly hünärmenleriň nazaryýet we hünär taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, ahalteke bedewleriniň genofonduny goramak hem-de olaryň baş sanyny artdyrmak onuň esasy maksady bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hakyky ösüşi başdan geçirýän ýurdumyzyň atçylygynyň ösdürilmegini höweslendirmek, ahalteke tohum atlaryny dünýäde wagyz etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan ady rowaýata öwrülen tohum atlaryň iň oňat wekilini saýlamak ugrunda bäsleşik döredildi. Deňsiz-taýsyz bedewleriň gözelliginiň bu özboluşly gözden geçirilişi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzat ösüşiniň bahasyz gymmatlygyna öwrüldi.

Munuň özi Türkmenistanda halkymyzyň medeni mirasyny goramak işine, hususan-da, atçylyga neneňsi uly üns berilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ösüp gelýän ýaşlar üçin Aşgabat atçylyk sport toplumynyň ýanynda okuw merkezi hem döredildi. Türkmenistanda atçylygyň iri desgasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Kärizek» geňeşliginde döwrebap nusgalyk Aba Annaýew obasynda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumydyr. Täze iri tohum hojalygy 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenendir.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça şeýle hem aýlawy we türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Ýokary halkara atçylyk mekdebi üçin bina, Ylmy-önümçlik atçylyk merkezi guruldy. Bu desgalar onuň ýanynda ýerleşen Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde hakyky atçylyk ulgamyny emele getirer, bu bolsa bu pudagy täze, dünýä derejesine çykarmaga mümkinçilik berer.

Her ýyl tutuş ýurdumyz boýunça türkmen bedewiniň hormatyna uly dabaralar geçirilýär —–2018-nji ýylda bu baýramçylyk milli derejede bellenildi. Şöhratly ahalteke bedewiniň taryhy watany hökmünde Türkmenistan halkara bileleşigiň öňünde dünýä atçylygynyň iri merkezi derejesinde ör-boýuna galdy. Bu ýerde behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň hem-de seýislemegiň gadymy däpleri hereketleriň döwlet maksatnamasy babatda döwrebap ösüşe eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň gadymdan gözbaş alýan milli mukaddeslikleriniň dowam etmegine gönükdirilen syýasaty ahalteke bedewleriniň hem-de türkmen seýisleriniň we çapyksuwarlarynyň şan-şöhratyny täzeden dikeltdi. Olaryň şan-şöhraty yzygiderli artýar, şol sanda halkara bäsleşiklerde we ýaryşlarda, sirk festiwallarynda türkmen türgen-çapyksuwarlarynyň ajaýyp üstünlikleri netijesinde belende galýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldamagynda ýurdumyzda milli sirk sungaty hem ösdürilýär. Ençeme ýyllardan soň, 2010-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Döwlet sirki gaýtadan işläp başlady, onuň binasynyň durky toplumlaýyn täzelenilenden hem-de häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandan soň, tehniki taýdan has çylşyrymly çykyşlary ýerine ýetirmek üçin mümkinçilikler döredildi. Soňky ýyllarda sirk sungaty ýurdumyzyň durmuşynda hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç alyş günlerinde has-da uly ünsi çekýär. Milli sirk mekdebi berkedi hem-de işjeň ösdürilýär, onuň görnüşleriniň gerimi giňeldi. Sirk artistlerimiz diňe bir ildeşlerimizi ajaýyp we owadan çykyşlary bilen begendirmän, eýsem, halkara festiwallaryň baýraklaryna hem mynasyp bolýarlar.

...Türkmen jigitleri döwlet Baştutanymyzdan ýene bir bedewi sowgat alyp, türkmen atçylygyny ösdürmek baradaky ägirt uly goldawy we aladalary üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny buýsanç we ruhubelentlik bilen beýan etdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary öz üstüne ýüklenen wezipäni abraý bilen ýerine ýetirýär. Şol wezipe dünýäde halkymyzyň baý medeniýetini wagyz etmekden ybaratdyr. Bu baý medeniýetimiziň hiç öçmejek buýsanjy we gymmatlygy ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerimizdir. «Galkynyş» topary türkmenistanlylaryň, gürrüňsiz suratda, söýgüsini gazanyp, daşary ýurtlaryň tomaşaçylaryny hem haýran galdyrmagyny dowam edýär. Dürli ýurtlarda onuň amala aşyran ajaýyp çykyşlary, şeýle hem sirk sungatynyň halkara festiwallaryndaky haýran galdyrýan çykyşlary munuň subutnamasydyr.

2012-nji ýylyň noýabrynda ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Döwlet sirkine ABŞ-nyň 50 müň dollaryny sowgat berendigini ýatlamak gerek. Milli Liderimiz halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen çapyşyklarda gazanan ýeňşi üçin gowşurylan uly möçberli pul baýragyny hem Türkmenistanyň atçylyk pudagyny has-da ösdürmäge, ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmaga, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga geçirdi.

Biziň halkymyzda belent mertebeli myhmana çuňňur hormat-sylagyň nyşany hökmünde iň gymmat zadyny sowgat bermek däbi bar. Türkmenler öz atlaryny çäksiz söýýärler, olary deňsiz-taýsyz bedewler edip ýetişdirmek üçin yhlasyny gaýgyrmaýandygy äşgär hakykatdyr. Şoňa görä-de, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa baýramçylyklar we beýleki şanly seneler mynasybetli iň gowy saýlama bedewleriň sowgat berilýändigi tötänden däldir. Döwlet Baştutanymyz bolsa öz gezeginde sowgat berlen atlary «Galkynyş» toparyna gowşuryp, olara mundan beýläk-de ösmäge, kuwwatlanmaga mümkinçilik döredýär.

2013-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda gazanan ilkinji uly ýeňşinden başlap, «Galkynyş» topary daşary ýurt tomaşaçylaryny haýran galdyrmagyny dowam edýär. Şol ilkinji ýeňiş gazanylan festiwalda türkmen artistlerine baş baýragy — «Altyn Idol» Kubogyny goşmak bilen, bäsleşigiň ähli görnüşleri boýunça diýen ýaly baş baýraklar gowşuryldy.

2014-nji ýylyň oktýabrynda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwaly türkmen jigitlerine nobatdaky ajaýyp ýeňşi getirdi, şonda biziň atçylarymyza bäsleşigiň baş baýragy — Altyn kubok, şeýle hem beýleki baýraklar we Italiýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň diplomy gowşuryldy.

2015-nji ýyl hem şonuň ýaly boldy. Sirk sungatynyň halkara festiwalynda bu gezek Hytaýda, Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri dünýäniň 22 ýurdundan meşhur sirk toparlarynyň 32-siniň arasynda iň gowy topar diýlip ykrar edildi we baş baýraga — Altyn kuboga mynasyp boldy.

Şunuň bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňişli saparlary Ýer ýüzi boýunça dowam etdi. Onuň Hytaýdan Watana gaýdyp gelmegi uly dabaralar bilen garşylandy. Şonda gahrymanlary garşylamaga şäheriň köçelerine paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary çykdylar.

Atçylary resmi taýdan sylaglamaga bagyşlanyp geçirilen dabarada sirk sungatynyň halkara festiwalyndaky nobatdaky ýeňişleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan olara ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberinde pul sylagy gowşuryldy.

Şeýle ýokary baha jigitleri has-da ruhlandyrdy, olar öz ussatlygyny barha okgunlylyk bilen kämilleşdirip başladylar. Ine-de, 2016-njy ýylyň sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda türkmen atlylary ýeňiji bolup, ýaryşyň baş baýragyny eýelediler. Ýene-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagy al-asmana göterildi we ähli türkmenistanlylar «Galkynyş» topary bilen üstünligiň şatlygyny paýlaşdylar.

2018-nji ýylyň maý aýynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I Halkara sirk sungaty festiwalynda hem türkmen atly ýigitleri «Altyn Gaetano» diýen baş baýraga mynasyp boldular. Şol festiwala Belgiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Portugaliýadan, Italiýadan, Norwegiýadan, Russiýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Keniýadan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden sirk artistleri ýygnandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparynyň agzalaryndan ybarat birleşen toparyň bu üstünligi dünýäniň esasy arenalarynda Garaşsyz, Bitarap döwletimize mynasyp wekilçilik edýän watandaşlarymyza halkymyzyň buýsanjyny nobatdaky gezek artdyrdy.

Türkmen çapyksuwarlarynyň bu üstünlikli çykyşlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň sirk sungatyny dünýä derejesine çykarmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijelidiginiň nobatdaky ajaýyp subutnamasyna, daşary ýurtlarda ahalteke tohum atlaryny hem-de türkmen jigitleriniň ussatlygyny wagyz etmekde ýene-de bir möhüm ädime öwrüldi.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen bedewiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini hem ýatlamak ýerlikli bolar. Şonda atyň üýtgeşik ukyby resmi taýdan bellige alyndy — oňa çarpaýa galyp, 10 metri bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmek başartdy. Ol şondan ozalky iň oňat netijäni iki esse gowulandyryp, bu täsin görnüşde täze rekord goýdy.

Akhanyň haýran galdyran görkezijisi kanunalaýykdyr. Çünki bu täsin aty milli Liderimiziň hut özi ösdürip ýetişdirdi! Ajaýyp çapyksuwar hem-de atçylyk sungatynyň janköýeri bolan döwlet Baştutanymyz öz atlarynyň häsiýetini oňat bilýär we olaryň her birine aýratynlykda çemeleşýär. Ahalteke bedewleri hem hormatly Prezidentimize doly ynamy we gyzgyn mähir, hemişe gulak asmak we yhlas bilen jogap berýärler.

Akhanyň üstünligi türkmen bedewiniň keşbine ýene bir aýdyň öwüşgin, onuň baky ýitmejek şöhratynyň öwşün atýan täjine ýene bir merjen goşdy. Şeýle ebedi şöhrat gadymy döwürlere peýda bolup, Ýer ýüzüne doldy hem-de bu gün döwlet Baştutanymyzyň tagallalarynyň netijesinde täze keşpde gaýdyp gelýär.

Okgunly bedew Garaşsyz Watanymyzyň taryhynyň, häzirki döwrüniň we geljeginiň nyşanyna öwrüldi. Bu umumy baglanyşykly üç düşünjede öz mirasyny aýawly saklamagy we oňa sarpa goýmagy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu günki gün gurmagy hem-de ajaýyp geljege ýollary batyrgaý çekmegi başarýan halkymyzyň beýik ykbaly jemlenýär. Deňsiz-taýsyz bedewler Ýer ýüzüni haýrana goýmagyny dowam edýär, şoňa görä-de, türkmen atçylyk sportunyň hem-de sirk sungatynyň wekilleriniň dünýä derejesindäki ýaryşlarda uly üstünlik bilen ýene-de köp gezekler çykyş etjekdiklerine ynanmaga doly esas bar.