RESMI HABAR

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalary gurmak işlerini dowam etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, hassahanalar üçin elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek, durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy ulgama birikdirmek şertinde gurmak barada «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň fewral aýynda başlap we hassahanalary 2021-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.