TÜRKMEN TÜRGENLERI GARLY-BUZLY ÝOLLARDA ÝARYŞMAK BOÝUNÇA DÜNÝÄ KUBOGYNYŇ BIRINJI TAPGYRYNDA ÇYKYŞ ETDILER

2019-njy ýylyň 14-17-nji fewralynda Russiýa Federasiýasynda geçen «Russiýa-Demirgazyk tokaýy — 2019» atly garly-buzly ýollar boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyryna türkmen sürüjiler topary gatnaşdylar.

Biziň watandaşlarymyz Muhammetmyrat we Şamyrat Gurbanowlaryň topary hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar, üçünji orny bolsa Merdan we Şöhrat Toýlyýewler eýeledi.

Ralli-reýd boýunça halkara ýaryşda 15 döwletden toparlaryň 29-sy gatnaşdy. Biziň türgenlerimiz Argentinadan, Russiýadan, Finlýandiýadan, Çehiýadan, Slowakiýadan, Rumyniýadan, Wengriýadan hem-de Litwadan bolan bäsdeşleri bilen ýaryşyp, örän çylşyrymly aralygy üstünlikli tamamladylar.