KAKAJAN AŞYROW ALEKSANDR WOLODINIŇ “SUWULGAN” PÝESASYNY ÖZBOLUŞLY SAHNALAŞDYRDY

Baş drama teatrynyň döredijilik işgärleriniň Aleksandr Wolodiniň “Suwulgan” pýesasy boýunça sahnalaşdyran adybir oýnunyň wakasy gadym eýýamlarda bolup geçýär. Ok-ýaýly söweşýän taýpa naýzaly goranýan taýpadan rüstem gelýän eken. Onsoň olaryň serdary iň owadan we akylly gyza al bilen ýagynyň arasynda aralaşamagy hem-de näme üçin olaryň peýkamynyň naýzadan daşa düşýänligini bilmegi tabşyrýar. Gyzyň ady Suwulgan eken...

“Suwulgan” oýnuny goýan režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow tanymal dramaturgyň magşardan soňky dünýäniň ösüş modelini şekillendirýän eseriniň filosofiki ýaşyryn manysyna eýerip durmandyr. Kakajan özüne mahsus täzeçillikli awtorlyk ýörelgesine eýerip, pýesanyň dramaturgiýa özenine şahyrana-kinaýaly äheň berip, ünsi öwüt-ündewe däl-de, romantizme çekipdir.

Jaň kakylyp, perde göterilýär, eseriň ýordumyndan bihabar tomaşaçynyň gözi duýdansyzlykda tutuş sahnany tutup duran biziň görüp-eşitmedik ösümliklerimiz şekillendirilen gadymy dünýä düşýär. Birdenem güňleç gümmürdi ýaňlanyp, ýyldyrym çakýar-da, lianalar görünýär. Güýçli çagba başlanyşy ýalam duýdansyz kesilýär. Indi başga bela inýär: goňşy taýpadan ýaý atýanlar ýene çozýarlar... Sahna eseri, ine, şeýle başlanýar.

Suwulgan atly gyz duşman düşelgesiniň töwereginde gül ýygyp ýören wagty goňşy taýpadan görmegeý ýigidiň gözi oňa düşýär. Suwulganyň ýanyna duýdurman barýar-da, ol çalasynlyk bilen gyzyň üstüne tor atyp, ony öýüne äkidýär.

Bu taýpalaryň owadanlyk barada düşünjeleri saýry ekeni, şol sebäplem enesi oglunyň oljasyna bakandan: “Munuň bigelşikdigini! Ol-a gaýtam bähbidem boldy, ol seni näçe çalt irizse, şonça-da tiz ondan dynarsyň” - diýýär. Nätjek-de, ol jemgyýetde şeýle kada bar eken-dä.

Bu gyzykly wakanyň soňy has üýtgeşik bolýar. Taýpalaryň nobatdaky urşy wagty gyrymsy agaçlaryň arasyndan Suwulgan bilen ony olja alan ýigit çykýarlar. Gyzyň başynda toý fatasyna derek ... tor bar. Ýaşlaryň ýüzi bagtdan ýaňa nurlanypdyr, söweş bes edilýär. Iki taýpany söýgi birleşdirýär. Hyýaly ýordumly bu üýtgeşik wakanyň soňy gülala-güllük bilen gutarýar.

Oýna gatnaşýan artistler: Selbi Babynowa, Söhbet Serbazow, Türkmenistanyň halk artistleri Çary Berdiýew we Muhammet Bekiýew, şeýle hem Döwran Hojageldiýew, Gülşat Meläýewa dagy rež1issýoryň pikirini ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Egin-eşikler boýunça nakgaş Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Maksat Amangylyjow çylşyrymly wezipä hötde gelmegi başarypdyr. Gahrymanlaryň egin-eşikleri sahna eseriniň özeni bilen sazlaşykly utgaşýar.

“Suwulgan” oýny tanymal teatryň döredijilik toparynyň terjimehalynda ýene bir şanly sahypa bolup, ol zehinli eser zehinli režissýoryň eline düşende, onuň özboluşly beýan edilip, şowly sahna eserine öwrülýändigine şaýatlyk edýär.