BILIM ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYK: DÄPLER WE TÄZELIKLER

Türkmenistanda ähli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeler ýokary bilim ulgamyny hem öz içine alýar. Hut şu ulgam ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ösmegi, innowasiýalaryň ilerledilmegi, sanly ykdysadyýetiň we bilimler jemgyýetiniň kemala gelmegi üçin esasy ugur bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze nusgasynyň kemala gelmegi baý milli tejribä, mugallymçylyk däplerine hem-de umumydünýä ýörelgelerine esaslanýar. Şu maksatlar bilen, Türkmenistan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär, dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşyp, köp ýurtlar, şol sanda Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.

Hormatly Prezidentimiziň Buýruklaryna laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Buharestiň raýat gurluşygy tehniki uniwersitetiniň arasynda hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnamalary ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamalaryna gol çekilmegi bu ugurda nobatdaky ädim bolar.

Bu ähtnamalara 2018-nji ýylyň oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş saparynyň barşynda gol çekilendigini ýatlatmalydyrys. Şol wekiliýetiň düzüminde Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary boldular.

Indi bolsa bu resminamalar iş ýüzünde durmuşa geçirilip, milli Liderimiziň Türkmenistanyň ykdysady toplumynyň we şähergurluşyk ulgamynyň öňünde goýan esasy wezipelerini çözmäge kuwwatly itergi berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işgärleri taýýarlamak meseleleri boýunça anyk garaýyşlar kesgitlenildi: ýurdumyza täzeçe, döredijilikli pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalaryndan baş çykarýan, hünär maglumatlaryndan netijeli peýdalanmagy başarýan, dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply hünärmenler zerurdyr.

Ykdysady ugurly hünärmenler barada aýdylanda bolsa ýurdumyzda senagatyň ösüşinde, önümçiligiň möçberini hem-de eksport kuwwatyny artdyrmakda giň möçberli taslamalary nazara almak bilen, hojalyk we maliýe, maýa goýum amallaryny guramagy, ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklarynyň ösýändigi nukdaýnazaryndan dünýä bazarlaryndaky ýagdaýa baha bermegi başarýan ýokary hünärli hünärmenler zerurdyr.

Türkmenistanda telekeçiligiň ösmegi we bazar gatnaşyklaryna geçilmegi hem işewürlik üçin işgärleri, halkara ykdysadyýetden oňat baş çykarýan menejerleri we marketologlary taýýarlamagy talap edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda şeýle hünärmenleriň sany barha artýar.

Şeýle hem sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ähli pudaklary hem-de olaryň döwlet tarapyndan dolandyrylyşyny tehnologik taýdan özgertmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgamdan, IT ugrundan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipesini öňde goýýar. Gürrüň önümçiligiň nusgasyny düýpli özgertmegi, olara innowasion häsiýet bermegi başarjak işgärler barada barýar. Şunda olar diňe täze ulgamlary we tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen çäklenmeli däldir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde aýdyp, 2019-njy ýyl üçin işiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Olaryň hatarynda sanly tehnologiýaly ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem öýjükli aragatnaşygy, telewideniýäni ösdürmek, internetiň elýeterliligini giňeltmek, hemra aragatnaşygynyň we beýleki sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak wezipeleri görkezildi.

Bularyň ählisiniň ýurdumyzyň tutuş ykdysadyýetiniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýändigi öz-özünden düşnüklidir. Ýöne, ählumumy awtomatlaşdyrmagyň we kompýuterleşdirmegiň barha artýandygyna garamazdan, täze pikirleri öňe sürmek entek adamyň esasy wezipesinde bolmagynda galýar.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä bazaryndaky ýagdaýa dogry baha bermek, milli ykdysadyýetimizi ählumumy söwda gatnaşyklarynda üýtgäp durýan ýagdaýa uýgunlaşdyrmak boýunça maslahatlary işläp taýýarlamak babatda onuň ösüşiniň ugurlaryny kesgitlemek üçin makroykdysady syýasaty ulgamynda seljerijiler-bilermenler hem zerur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ykdysadyýetçilerinden hut şuny talap edýär.

Mundan başga-da, halk hojalygynyň ösüşini çaklamak, durmuş-ykdysady taslamalary strategik taýdan meýilleşdirmek we olaryň dolandyrylmagyny utgaşdyrmak, ýurdumyzda maýa goýum işiniň ýagdaýyna we geljegine baha bermegiň usullaryny işläp taýýarlamak, halkara hyzmatdaşlygy we beýlekiler üçin seljerijiler gerek bolup durýar.

Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň beýleki bir meselesi — binagärlik we gurluşyk barada hem Türkmenistanyň uly meýilnamalarynyň bardygyny bellemelidiris. Ýurdumyzda täze şäherçeler we şäherler gurulýar, paýtagtymyz Aşgabadyň çäkleri barha giňelip, binagärligiň nusgawy, häzirki zaman hem-de milli äheňlerini özünde jemleýän ägirt uly şähere öwrülýär.

Bularyň ählisi hem ýokary hünärli gurluşykçylary, inženerleri, arhitektorlary, taslamalary düzüjileri talap edýär. Munuň özi içerki gurluşyk bazarynda ýurdumyzyň kompaniýalarynyň daşary ýurt işewürleri bilen mynasyp bäsleşýändigi hem-de eýýäm daşary bazarlara çykyp başlandygy bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Gurluşyk toplumymyzyň pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer. Bu maksatnamada şol döwürde senagat we durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesini, ýaşaýyş jaýlarynyň millionlarça inedördül metrini gurmak göz öňünde tutulýar.

Bularyň ählisi diňe bir ýaşaýyş jaýlary, binalar we desgalar bilen çäklenmän, eýsem, adamlar üçiň has amatly şertleri özünde jemleýän tutuş ýaşaýyş-durmuş giňişligidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binagärlik-gurluşyk taslamalary bilen tanşanda, hut şeýle oňaýly şertleriň döredilmegini talap edýär. Döwlet Baştutanymyz her gezek bu işe ýaş hünärmenleri, şol sanda degişli ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny işjeň çekmäge çagyryp, bu ulgamda işgärleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtaýar.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň 2018-nji ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde çykyş etmek bilen, ylym-bilim we tehnologiýalar ulgamynda özgertmeleri çaltlandyrmak wezipelerini kesgitläp, biziň maksadymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýokary hilli bilim almagyny, şol sanda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.

Milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 7-nji fewralynda ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen bolan duşuşygynda hem bu mesele barada durlup geçildi. Hormatly Prezidentimiz deputatlary ýurdumyzda bilimiň täze standartlaryny we okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak boýunça işleri geçirmäge çagyrdy. Munuň özi okuwyň hilini ýokarlandyrmaga, internetiň bilim edaralarynyň ählisi üçin elýeterliligini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy hem bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Onda bilimiň ähli ulgamlaryny elektron maglumat binýady bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmezden dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmek, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary netijeleri gazanmak mümkin däl. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek meselesi öňdäki hatara çykýar diýip, hormatly Prezidentimiz 14-nji fewralda Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşynda aýtdy. Eger jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirip, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlap bilmesek, onda bäsleşige ukyply döwletiň derejesine çykmak bize aňsat düşmez diýip, milli Liderimiz nygtady.

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan täze ylalaşyklar hem şuňa gönükdirilendir. Türkmenistan bu ýurt bilen netijeli hem-de işjeň bilim gatnaşyklaryny ýola goýdy. Türkmen talyplarynyň köp sanlysy bu ýurtda halk hojalygymyz üçin zerur hünärler boýunça ýokary bilim alýarlar. Özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bu hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de bilelikdäki işiň täze usullaryny gözlemegiň girewine öwrüldi.

Munuň özi Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky giň gerimli halkara işiniň diňe bir ugrudyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamyny mähriban halkymyzyň aň-paýhas, döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny amala aşyrmaga, adamzadyň öňünde durýan wajyp wezipeleri çözmäge ugrukdyrýar.