img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RESMI HABARLAR

photo

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektoryna “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Buharestiň raýat gurluşygy tehniki uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna” Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

 

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektoryna “Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda bilim we ylmy-barlag hyzmatdaşlygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna” Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.