img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RESMI HABAR

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruklara gol çekdi, resminamalara laýyklykda, degişli ugurlarda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, aşakda görkezilen ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri iş saparlaryna iberilýär:

Döwlet energetika instituty — Koreýa Respublikasyna;

Döwlet çeperçilik akademiýasy, Jemagat hojalygy instituty, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti — Ýaponiýa;

Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty — Hytaý Halk Respublikasyna;

Türkmen oba hojalyk instituty, Milli sport we syýahatçylyk instituty — Rumyniýa;

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti — Awstriýa Respublikasyna.