GARAŞSYZLYK MEÝDANYNDA OWGANYSTANYŇ PREZIDENTINI RESMI GARŞYLAMAK DABARASY BOLDY

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden owgan Lideriniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, şol ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Owganystanyň Prezidentini mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite ornaşdyrylan münbere geçýärler.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Milli Liderimiz owgan kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Öz nobatynda, goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimizi Owganystanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdanyndan dabaraly ýöräp geçýärler.