ÝOKARY DEREJEDÄKI IKIÇÄK TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI

Soňra iki ýurduň Liderleri Ruhyýet köşgüne ugraýarlar. Bu ýerde, Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejedäki ikiçäk türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň ilkibaşdan özara ynanyşmak, netijeli häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Munuň özi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, iki halky birleşdirýän, taryhyň dowamynda emele gelen ruhy-medeni gatnaşyklar bilen şertlendirilendir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen-owgan gatnaşyklary täze tapgyry başdan geçirýär hem-de olary pugtalandyrmak we giňeltmek üçin anyk ädimler ädilýär.

Belent mertebeli myhman mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkmenistanda ýene-de bolup görmek mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy. Owganystan Türkmenistan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýar. Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň belleýşi ýaly, owgan halky türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berýär we goldaýar. Bu syýasat bolsa oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar hem-de sebitde we dünýäde howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýar.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-owgan gatnaşyklary hemişe özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk esasynda guraldy diýip, belent mertebeli myhman nygtady hem-de iki doganlyk ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berdiler. Şunda sebitiň abadançylygy üçin uly ähmiýete eýe bolan bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge üns berildi. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly taslamalar bar.

Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady ulgamda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň wajypdygyny aýdyp, ynsanperwer-medeni ulgamda däp bolan hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň zerurdygyny bellediler.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça-da pikir alyşdylar.