GIŇIŞLEÝIN DÜZÜMDE TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganini hem-de owgan wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek hem-de pugtalandyrmak meselelerini iň bir netijeli ýagdaýda, doganlyk we özara düşünişmek ruhunda ara alyp maslahatlaşmaga hemişe taýýardygyny nygtady.

Biziň häzirki duşuşygymyz Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününde geçýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Türkmenistan we Owganystan daşary syýasat ulgamynda dünýäniň häzirki ösüşiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşligine esaslanýan uzak döwürlik oňyn tejribe topladylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň halkara guramalaryň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygyny aýratyn belledi. Türkmenistan BMG-niň çäklerinde döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin Owganystana minnetdardyr. Hususan-da, Owganystan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň teklip eden energetika howpsuzlygy we durnukly ulag ulgamy boýunça kabul eden Rezolýusiýalarynyň birnäçe gezek awtordaşy bolup çykyş etdi.

Owganystanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň dürli edaralaryna saýlawlarda hem Türkmenistanyň dalaşgärligini hemişe goldaýar. Biz halkara guramalarda birek-biregi goldamak tejribesini geljekde hem dowam ederis. Sebit we ählumumy meseleleriň iň bir giň topary boýunça syýasy-diplomatik taýdan özara arkalaşykly hereketlerimizi yzygiderli giňelderis diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz häzirki döwürde öňde durýan esasy meseläniň sebitde berk we uzak möhletli parahatçylygy, durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdygyny aýdyp, bu ugurda ysnyşykly we netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň şu maksada ýetmekde, sebitdäki işleri netijeli ösdürmekde esasy şertleriň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we olary ýok etmäge gönükdirilen gurallary döretmekde, degişli syýasy-diplomatik usullary işläp taýýarlamakda Birleşen Milletler Guramasyna, beýleki halkara we sebit guramalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Bitarap döwlet hem-de Owganystanyň ýakyn goňşusy hökmünde biziň ýurdumyz Owganystanyň Hökümetiniň we bu ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy taýdan düzgünleşdirmäge gyzyklanýan ähli taraplaryň arasynda göni gatnaşyklary guramak üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardyr.

Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek terrorçylyk howpuna netijeli garşy durmak bilen berk baglydyr. Türkmenistan bu ugurda ikitaraplaýyn ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etmäge, halkara guramalar bilen arkalaşykly işlemäge taýýardyr. Bu meselede Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirmek aýgytlaýjy şert bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biziň ýurdumyz kabul edilen bilelikdäki resminamalaryň, hususan-da, 2011-nji ýyldaky Aşgabat Jarnamasynyň hem-de Merkezi Aziýa üçin hereketleriň Bilelikdäki meýilnamasynyň esasynda has ysnyşykly we utgaşykly işlemäge gyzyklanýan ähli döwletleri hem-de halkara guramalary hyzmatdaşlyga çagyrýar. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistan bilen Owganystanyň ikitaraplaýyn derejede hem-de köptaraplaýyn görnüşde neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga we beýleki bikanun işlere garşy geljekde hem göreşjekdigine ynam bildirdi.

Owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika, ulag hem-de kommunikasiýa ýaly örän möhüm ugurlarda iri üpjünçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Owganystanda syýasy durnuklylygyň, ýurdy ykdysady we durmuş taýdan dikeltmegiň, onuň sebit hem-de dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulmagynyň esasy şerti bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak bilen, birnäçe iri sebit taslamalaryny öňe sürdi. Bu taslamalar eýýäm iş ýüzünde amala aşyrylyp başlandy. Bir ýyl mundan ozal iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi. Şonda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy, şeýle hem Serhetabat — Turgundy ugry boýunça täze demir ýol açylyp, işe girizildi.

Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda uly bolmadyk, ýerli derejeli beýleki bilelikdäki taslamalar üçin hem täze mümkinçilikler açylýar. Mysal üçin, biz köne Kelif — Şybyrgan gaz geçirijisi boýunça türkmen tebigy gazyny ibermegi öz güýjümiz bilen ýola goýup bilerdik. Şu mesele boýunça eýýäm iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Elektrik energetikasy pudagynda hem hyzmatdaşlyk giňden ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Geçen ýyl Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy ulanmaga berildi. Hamýap — Garkyn ugry boýunça hem şular ýaly ulgamy gurmak göz öňünde tutulýar.

Sebitde giň gerimli ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmegiň taslamalaryna Owganystany çekmek häzirki döwürde möhüm wezipe bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, Serhetabat — Turgundy demir ýol gatnawynyň taslamasy üstünlikli amala aşyryldy we Türkmenistan bu ýoluň gurluşygyny Hyrat şäherine çenli dowam etdirmek baradaky gepleşiklere başlamaga taýýardyr.

Häzirki wagtda Akina demir ýol menzilinde ýoluň 10 kilometrlik böleginiň gurluşygy alnyp barylýar. Bu demir ýoluň gurluşygyny Andhoý şäherine çenli dowam etdirmek boýunça tehniki-ykdysady taslamany taýýarlamak meselesine garamaga-da türkmen tarapy taýýardyr.

«Lazurit» taslamasyny amala aşyrmak boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň we maksada gönükdirilip alnyp barylýar. Bu örän möhüm ulag geçelgesiniň gurluşygynyň ähli meselelerini ylalaşmak maksady bilen, biz oňa gatnaşýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň yzygiderli duşuşygyny dowam etmegi göz öňünde tutýarys. Milli Liderimiz mümkinçilikden peýdalanyp, bu taslama uly üns berýändigi we ony goldaýandygy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möçberleri barada aýdylanda bolsa, onuň görkezijileriniň erbet bolmandygyny bellemek isleýärin.

Geçen, 2018-nji ýylda özara söwda dolanyşygy 684 million amerikan dollaryna golaý boldy. Bu bolsa 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, ep-esli köpdür diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda dolanyşygynyň möçberlerini has-da artdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin mümkinçilikleri gözlemegiň, ykdysady hyzmatdaşlyga orta we kiçi telekeçiligiň has işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz telekeçilik ulgamynyň iki ýurduň bazarlaryna ynamly girmelidigini aýdyp, senagat harytlary önümçiligi, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy we beýleki ugurlar ýaly bilelikdäki kooperasiýanyň dürli görnüşleriniň ýola goýulmalydygyny belledi. Sebäbi türkmenleriň we owganlaryň özara söwdany, telekeçiligi alyp barmakda köpasyrlyk tejribesi we däpleri bar. Bizde birek-birege teklip eder ýaly zatlar köp.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewürler bileleşikleri işjeň hereket etmelidirler. Bilelikdäki işewürler maslahatlaryny ýygy-ýygydan geçirmelidirler, iki ýurduň haryt öndürijileriniň sergilerini guramalydyrlar. Biz bolsa işewürler bileleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyga doly goldaw bereris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şeýle hem Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň işini güýçlendirmek, onuň mümkinçiligini doly derejede ulanmak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny we ugurlaryny gözlemek zerurdyr.

Häzirki döwürde ynsanperwer ulgamy hem hyzmatdaşlygyň zerur tarapydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şoňa görä-de, Owganystana ynsanperwer kömegi bermegiň ýörite maksatnamasyna laýyklykda, biziň ýurdumyz Balh welaýatynda mekdep, Farýap welaýatynda oba hassahanasyny, Hyrat welaýatynda bolsa çaga dogrulýan öýi gurup, ulanmaga berdi. Türkmenistan Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny geljekde hem dowam eder.

Goňşy döwletler bilim ulgamynda hem ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Owgan oglan-gyzlarynyň ýüzlerçesi Türkmenistanda bilim alyp, döwlet gullugynda işleýär, owgan ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýär.

Häzirki döwürde hem owgan talyplary ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Owgan talyplaryny Türkmenistanda taýýarlamak geljekde hem dowam etdiriler.

Milli Liderimiz ylym we medeniýet ulgamlarynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, sungat ussatlarynyň wekillerini alyşmagyň, türkmen we owgan halklarynyň baý hem-de özboluşly taryhy mirasyny bilelikde öwrenmegiň maksat edinilýändigini nygtady.

Şu gün iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň bozulmazdygyny, sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taraplaryň taýýardyklary tassyklanyldy. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga, giň gerimli taslamalary bilelikde amala aşyrmaga berk eýerilýändigi beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganä alyp barýan netijeli işleri, Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge üýtgewsiz taýýardygy we uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de ähli owgan halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutanyna söz berilýär. Prezident Mohammad Aşraf Gani milli Liderimize OYR-nyň wekiliýetiniň gadymy türkmen myhmansöýerligi ruhunda kabul edilendigi hem-de gepleşikleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu saparyň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 27 ýyllygyna gabat gelendigini belledi.

Soňky dört ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde ägirt uly işler ýerine ýetirildi diýip, belent mertebeli myhman aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen Lideriniň bu giň möçberli işi, sözüň doly manysynda, tutuş sebit üçin nusgalyk bolup durýar. Owganystan hemişe Türkmenistanyň amala aşyrýan bitaraplyk syýasatyny goldaýar we mundan beýläk-de goldar. Şol syýasat bolsa oňyn halkara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.

Prezident Mohammad Aşraf Gani ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselesine degip geçmek bilen, «Lazurit» ulag-üstaşyr geçelgesiniň (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ähmiýetini nygtady. Onuň netijeli ulanylmagy bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn täsir eder, giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam eder diýip, belent mertebeli myhman belledi we döwlet Baştutanymyza şu ýoly ösdürmek boýunça berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Goňşy döwletiň Baştutany şeýle hem özara gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda demir ýol ulagy we aragatnaşyk ulgamynda uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, owgan tarapynyň halkara ähmiýetli polat ýollaryň gurluşygyna hem gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Mohammad Aşraf Gani Serhetabat —Turgundy demir ýolunyň Hyrat şäherine çenli dowam etdirilmegi baradaky başlangyjyň örän wajypdygyny nygtap, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin owgan tarapynyň degişli işleri ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Şunuň bilen birlikde, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça taslamanyň geljeginiň uludygy bellenildi. Bu taslama sebitiň ýurtlary üçin ykdysady taýdan örän amatly bolar.

Belent mertebeli myhman uzak möhletli häsiýete eýe bolan energetika ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň adyna Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga taýýarlyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Dostlukly ýurduň Lideri TOPH gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň sebitiň ýurtlary üçin ähmiýetini nygtap, owgan tarapynyň bu ugurda netijeli ädimleri ätjekdigine ynandyrdy.

Prezident Mohammad Aşraf Gani şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda owgan ýaşlarynyň okamagy baradaky meseläniň çözülmegi hem-de bu ugurda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýakyndan goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Taryhdan mälim bolşy ýaly, Merkezi we Gündogar Aziýanyň ýurtlaryny netijeli gatnaşyklar baglanyşdyrypdyr. Türkmen-owgan gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, ol özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Prezident Mohammad Aşraf Gani bular barada aýtmak bilen, iki ýurduň arasyndaky taryhy-medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem halyçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Beýleki ulgamlarda hem netijeli gatnaşyklary ösdürmek, degişli düzümleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňaýly şertler bar.

Şunuň bilen birlikde, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň Owganystan üçin uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Belent mertebeli myhman ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimize döredijilikli başlangyçlary hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge yzygiderli goldaw berýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.