AZIÝA — ÝUWAŞ UMMANY SEBITINIŇ ÝURTLARY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow milli Liderimiziň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu sebit ykdysady, ylmy-tehnologik we senagat taýdan okgunly ösýär. Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň hatarynda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly esasy ýurtlary bar. Şol döwletler bilen deňhukuklylyk, uzak möhletleýin esasda guralýan netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, netijeli syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, söwda-ykdysady, ulag, ynsanperwer ulgamlarda hem-de parlamentara derejesinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli çäreleri görmek göz öňünde tutulýar. Şunda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklara, Hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň, Türkmen-ýapon komitetiniň, Hökümetara türkmen-koreý toparynyň işine, işewür duşuşyklary we forumlary yzygiderli geçirmäge, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga hem-de ylym, bilim we medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda gatnaşyklary höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen dostlukly we özara gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtap, bu ugurda hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny nazara almak bilen, ähli degişli meseleleriň üstünde içgin işlemegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna yzygiderli goşulyşmaga alan ugry bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, olaryň işewür we maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, täze iri taslamalara çykmak üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi.
Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi — Ýewraziýa ýollarynyň strategik çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginde ýerleşmegi hem netijeli gatnaşyklar üçin oňaýly şertleri döredýär. Däp bolan ynsanperwer-medeni gatnaşyklara hem uly ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we ösdürmek boýunça teklip edilýän çäreleri makullap, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.