RESMI HABAR
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini dowam etmek, baha (tarif) emele getirmegi mundan beýläk-de kämilleşdirmek we sarp edijileri durmuş taýdan goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, önümçilik-tehniki maksatly we durmuş taýdan ähmiýetli harytlaryň, önümleriň, işleriň hem-de hyzmatlaryň möhüm görnüşleriniň bahalary (tarifleri) döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmäge degişli diýlip bellenildi.
Şeýle hem resminama bilen, içerki bazar üçin bahalary (tarifleri) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän harytlaryň, önümleriň, işleriň hem-de hyzmatlaryň sanawy, içerki bazar üçin bahalary (tarifleri) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýän harytlaryň, önümleriň, işleriň hem-de hyzmatlaryň sanawy tassyklanyldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.