RESMI HABAR
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» howa ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menziliniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Gündogdy» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň maý aýynda başlamak we howa menzilini 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.