img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DAŞKY GURŞAWY GORAMAK BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK: SEBITLEÝIN MEÝILNAMA

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň tebigaty goramak syýasatynyň birnäçe ugurlaryna ünsi çekdi. Beýleki döwletler we halkara guramalar bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aral meselesiniň wajyplygy Merkezi Aziýa sebitinden daşyna çykýar, şunlukda, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen işjeň gatnaşykdaky ulgamlaýyn döwletara hyzmatdaşlyk üçin pugta binýadyň döredilmegi zerur bolup durýar.

Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda Aral meselesini çözmäge bolan toplumlaýyn çemeleşmeleriň üpjün edilmegine gönükdirilen Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak hakynda başlangyjy öňe sürdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň AHHG-a başlyklyk etmeginde esaslandyryjy döwletleriň milli bilermenlerini we halkara hyzmatdaşlary çekmek arkaly, Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň dördünji Maksatnamasynyň konsepsiýasy taýýarlanyldy. Häzir bu gaznanyň çäklerinde Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak, sebitiň ýurtlarynyň Merkezi Aziýada Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak hakyndaky Çarçuwaly konwensiýasyna goşulyşmagyny çaltlandyrmak boýunça hereketleriň Sebitleýin meýilnamasynyň kämilleşdirilmegine üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz tebigy serişdelerden netijeli peýdalanylmagyny, daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, ekologiýa taýdan ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.