img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

SEULDA TÜRKMEN-KOREÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELEJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherine türkmen wekiliýetiniň gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Li Nak Ýon kabul etdi.

Koreýanyň Eksport-import banky hem-de Koreýanyň söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasy bilen Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň durmuşa geçirýän taslamalaryny maliýeleşdirmek babatda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giňeltmek hakyndaky başlangyç giň goldawa eýe boldy. Mundan başga-da, «Samsung» we «LG» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen olaryň nebitgaz toplumyndaky maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagy babatda gepleşikler geçirildi.

Söwda, ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisiniň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň meseleleri hem-de söwda-ykdysady, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk hem-de standartlaşdyrma ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz we himiýa pudaklary netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bu ugurda birnäçe iri maýa goýum taslamalary amala aşyryldy. Taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalary tassyklap, ägirt uly mümkinçiligi bolan işewür gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek boýunça anyk çäreleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda işewür gatnaşyklaryň hem-de özara pikir alyşmalaryň giňeldilmegini şertlendirýän sergi-ýarmarkalary we işewür maslahatlary guramagyň hasabyna ýola goýulýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Taraplar türkmen hünärmenleriniň «Mediсal Korea 2019» maslahatyna gatnaşmagyny guramak barada ylalaşdylar. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak, öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek babatda ähmiýetlidir. Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen işewürlik maslahatynda hususy telekeçiligi, balykçylygy ösdürmek, Türkmenistanda öndürilýän senagat harytlarynyň eksporty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemäge we azyk harytlarynyň önümçiligi üçin enjamlary getirmek hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen koreý kompaniýalarynyň arasynda suw hem-de oba hojalygy we başga ugurlar boýunça-da hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ählumumy bähbitlere kybap gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Sebitiň we dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasy Türkmenistan üçin wajyp hem-de ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Şeýlelikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklar deňhukuklylyk we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýar.

Milli ykdysadyýetimiziň doly döwrebaplaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrýan ýurdumyz täzeçil we öňdebaryjy tehnologiýalary, daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini ornaşdyrmagy esasy ugur edinýär. Şunda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy üçin oňyn mümkinçilikler açylýar. Muny bolsa Türkmenistan we Koreýa Respublikasy doly derejede amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygy we maýa goýum işini artdyrmak boýunça degişli görkezmeleri berdi. Nebitgaz hem-de senagat pudaklary, maliýe-bank düzümleri, kiçi we orta telekeçilik ulgamyndaky gatnaşyklary berkitmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Ulag-üstaşyr ulgamynda hem netijeli gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk, dokma senagaty, oba hojalygy ýaly birnäçe ugurlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary hökmünde görkezdi. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ylym-bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, täzeçil usullary ornaşdyrmak babatda koreý hyzmatdaşlarynyň oňyn tejribelerini öwrenmek, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.