img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä Kair şäheriniň Ramzes demirýol menzilinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi we ýangyn zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.