img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

«ÇALYK ENERJI SANAYI VE TIJARET A.Ş.» KOMPANIÝASY MARY DES-INDÄKI TURBINALARY DÖWREBAPLAŞDYRMAK IŞLERINI ÝERINE ÝETIRER

photo

Şu günki sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy we Mary döwlet elektrik stansiýasy üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny, enjamlary, materiallary we himiki serişdeleri satyn almak boýunça geçirilýän işler hem-de 25 — 27-nji fewralda Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň ulanylmaga berilmegi bilen, elektrik stansiýasynyň öňki hereket edýän bölegindäki bug turbinalarynda tapgyrlaýyn abatlaýyş işlerini geçirmek mümkinçiliginiň dörändigini aýtdy. Şonuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik yglan edildi. Oňa daşary ýurt kompaniýalarynyň 7-si gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Mary DES-indäki turbinalary döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirmek hem-de zerur ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak «Çalyk Enerji Sanayi ve Tijaret A.Ş.» kompaniýasyna ynanyldy.

Abatlaýyş işleri geçirilenden soňra, stansiýanyň kuwwatynyň 650 megawatdan 1000 — 1200 megawata çenli artjakdygy, şunuň netijesinde, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak üçin mümkinçilikleriň dörediljekdigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň ägirt uly kuwwaty barada aýdyp, energiýa serişdeleriniň möçberi boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň baý döwletleriniň biridigini belledi. Mälim bolşy ýaly, elektrik energiýasyny öndürmek tutuş dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanylýar.

Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň mukdary yzygiderli artdyrylýar. Şunuň netijesinde, häzirki wagtda türkmen energetika senagaty ýokary depginler bilen ösýär we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga ukyplydyr.

Milli Liderimiz ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagynda ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga we şol bir wagtyň özünde elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýän ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, uzak möhletli deňhukukly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, aýratyn hem özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen hem-de iň täze işläp taýýarlamalara, ägirt uly ylmy we önümçilik kuwwatyna eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz alnyp barylýan gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagynyň hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň esasy talap bolandygyna we şeýle bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi.