KAKAJAN AŞYROWYŇ HOJA NASREDDIN BARADAKY SAHNA OÝNY: ÇYNLAKAÝ ZATLAR HAKYNDA ÇÜLKÜNÇ HEKAÝAT
Ýurdumyzyň Baş drama teatrynda we Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda Hoja Nasreddine bagyşlanan oýunlar görkezilýär. Ependileriň ikisem şoh, adalatly we ugurtapyjy. Ýöne olaryň hersiniň öz ýoly bar. Alp Arslan adyndaky teatryň oýnunyň baş gahrymany “Ependi, sen kim?” oýnunda obadan şähere gelen bolsa, biz bu barada ozal ýazypdyk, Baş drama teatrynyň “Ependi ýada gülkünç goňşy” oýnunda tersine, şäherden alysdaky obalaryň birine, özem bimany wezipede– kazynyň kölegesi bolup işlemäge gidýär.
Ependiniň şägirdiniň bagty çüwüp, ony baş kazy belleýärler. Adalatlylyga ýokary sarpa goýýan Hoja Ependi ondan özüni kazylyga almagy haýyş edýär. Ýöne wezipesine buýsanyp gedemlige ýeten tekepbir emeldar, oňa aslynda ýok wezipe – kazynyň kölegesi wezipesini berýär-de, uzak obalaryň birine ugradyp goýberýär.
Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow bu oýny goýjak bolanda Oraz Akmämmedowyň terjime eden “23 Ependi” kitabyndan kazynyň kölegesi baradaky bölümini edebi esas edip alýar.
... Bu oba üýtgeşik wezipeli kazynyň kölegesi işe gelýär. Ilkibada oba adamlary oňa bir töwra adam ýaly garaýarlar, ýöne ýakyndan tanşanlarynda bolsa, onuň parasatlydygyna, islendik çylşyrymly meseleden çykalga tapýandygyna göz ýetirýärler. Onuň abraý-sarpasy günsaýyn artýar, gaýry ýerlerdenem Ependiniň ýanyna öz meselelerini çözmek üçin gelýänleriň sany köpelýär.
Meselem, bir kişi ýygan odunyny arkasyna galdyryp bermegi obadaşyndan haýyş edýär. Ol:
--Onsoň muň üçin sen maňa näme berjek?—diýýär.
-Hiç zat.
Oňa kömek eden:
-Indi maňa hiç zat ber!- diýip, oňa gün bermeýär.
Dawany nähili çözjegini bilmänsoňlar olar Ependiniň ýanyna barýarlar.
Nasreddin talapkäre:
-Oturan keçäň burçuny galdyr-da, näme görýän bolsaň gygyryp aýt – diýýär.
Ol:
-Hiç zat- diýýär.
- Hiç zady derrew al-da, göteril şu taýdan...
Ependiniň bilimliligini barlap görmek üçin oba daşary ýurtly alymlar gelýärler. Myhmanlar gülkünç görünýär. Belki, gaýry medeniýetiň adamlary birneme geň görünýändir, oýunda bilgeşleýin bu ýagdaý has bigelşik görkezilýär. Ependi olara kybapdaş boljakdan bolup, «3 + 3 = ?» ýazgyly don, başyna sellä derek kädi geýýär. Ependi aň-paýhas synagyndan üstünlikli geçensoň ony halkara foruma çagyrýarlar. Şol wagtyň özünde Ependi olardan maýyplar tigirçegindäkisiniň derdinem bejerip goýberýär. Oýun Ependiniň obadaşlary we daşary ýurtly myhmanlar üçin berýän meýlisi bilen tamamlanýar.
Şadyýan şoh we wäşi, ugurtapyjy we adalatly Hoja Nasreddin Orta Aziýa halklarynyň söýgüli gahrymanlarynyň biridir.
Hoja Nasreddiniň maşgala durmuşyndan bir bölek:
-Kempir, maňa nahar ber hany!
- Nämeden nahar edeýin?
- O nämeden bolýar? Düýnjik 3 kilo et getirdim-ä!
- Ony pişik iýipdir.
- Hany, getir şo pişigi! Terezä bak, pişik näçe kilo geldi?
- Üç kilo.
- Eger bu pişik bolsa, et hany? Eger bu et bolsa, hany, onda pişik?
Hoja Nasreddin diňe bir açgöz obadaşlaryny däl, eýsem öz aýalynam paş edýär. Garagol gyzyny daşynda pyrlanyp ýören oglanjykdan gabanyp, ony kowup ýör. Munuň özi dramaturgiýa taýdan uly şowlulykdyr, çünki Hoja Nasreddin hyýaly bir adama däl-de, adaty adam edilip görkezilýär.
Oýun hasam özüne çekiji başlanýar. Perde göterilýär welin, tomaşaçylaryň gözi ... boş sahna düşýär. Ýöne birnäçe sekuntdan ýokardan sahna bezegleri – öý yzyna öý düşüp, meýdança kemala gelýär, ir säher bilen geň oba täze gelen Hoja Nasreddin özüniň tanymal eşeginde geçip gidýär, tiz wagtdan bu ýerde üýtgeşik we gülkünç wakalar bolar. Bu oýun barada “Zalda höküm sürýän gülki” makalasynyň awtory Ýagmyr Kulyýewiň takyk belleýşi ýaly, tomaşaçylar diňe bir ondan estetiki lezzet alman, eýsem jana şypa gülki paýynam ýetdik derejede alýarlar.
Men köp wagt Hoja Nasreddiniň keşbini döredip biljek aktýor gözledim, - diýip, dramaturg we oýun goýujy režissýor Kakajan Aşyrow gürrüň berýär. – Teatrymyzda gülkünç keşpleri döredibiljek artist ýetik. Ýöne men diňe bir tomaşaçylary güldürmän, eýsem islendik ýagdaýdan baş alyp çykýan, ugurtapyjy, dilewar we şadyýan adamyň keşbini döredip biljek adam gözleýärdim. Kän synaglardan soň aktýor Azat Didarowy saýladym. Azat ynamy doly ödedi, ol Hoja Nasreddiniň keşbini inçelik bilen, oýnuň ýörelgesine laýyk ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldi. Dogrusy, bu üýtgeşik we gülküli wakalary sahnada beýan eden tutuş döredijlik toparyna sag bolsun aýdýaryn.
Sözsoňy. Biz Hoja Nasreddin barada oýun goýan iki teatryň işini deňeşdirmegi maksat edinmedik. Goý, oňa tomaşaçylar baha bersinler. Teatr sungaty hemişe adalatyň, düşünjeliligiň, sahawatlylygyň we ýagşylygyň ýaranjaňlykdan, nadanlykdan, açgözlükden we ikiýüzlülikden rüstem gelýän dürli sahna oýunlaryndan diňe utuş gazanýar. Baş drama teatrynyň muşdaklarynda bolsa, belki, parasatly we şadyýan degişmeler bilen ýakyndan tanyşmak üçin “23 Ependi” kitabyny okamaga höwes dörän bolsa gerek.