img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNYŇ TÄZE OÝNUNA TOMAŞAÇYLAR ÝOKARY BAHA BERDILER

photo

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda özbek dramaturgy Nurullo Abboshonyň pýesasy boýunça goýlan “Körpe gelin” oýnunyň premýerasy köp adamly boldy. Oýun deprek sazyna goňşy ýurduň däplerine görä ýerine ýetirilen şadyýan tans bilen başlanýar. 

Onda gozgalýan tema türkmen tomaşaçylaryna-da ýakyn bolsa gerek, çünki gaýynlaryň köpüsi oba ýerinden gelin edinmek isleýärler. Onuňam özüne ýetik sebäbi bar. Adatça, oba gyzlary agras, işe werziş we mähirli bolýar. Karima muňa gowy düşünýär, özem şeýle maşgaladan bolansoň adamsy Walijan bilen agzybirlikde üç ogul ýetişdiripdirler. Uly ogullarynyň gelinleri ýokary bilimli bolansoň, olardan ekin-dikine seretmäge gaýynyna kömek berýäni ýokdy. Şol sebäplem ol körpe ogly Bahtiýara gelni özi saýlaýar. 

Ýöne ýaş aspirant Bahtiýar ata-enesine garşy çykmasa-da, gelninden onuň göwni suw içmeýär. Oňa Mähribanyň geýnişem, gürleýşem, hereketlerem... ýaramaýar. Onsoň ol gelni bilen aýrylyşmakçy bolýar. Karima Mähribana kömek etmegi ýüregine düwýär. Ol gözi ýaşly gelnine: “Goý, aglama, oglumyň göwnüni tapmaga men saňa kömek ederin” – diýip, oňa göwünlik berýär. Saçyny döwrebap timarlamagy, gelşikli egin-eşikleri we edem-gylym sapaklary Mähribany tanalmaz derejede özgerdýär. 

Düýpgöter özgeren Mähriban diňe bir Bahtiýary däl, eýsem tomaşaçylary-da geň galdyrýar. Olaryň durmuşy ugrugyp gidýär.

- Daşkendiň teatr sungaty institutynyň uçurymy hökmünde bu oýny goýmagy maňa tabşyrdylar, - diýip oýun goýujy režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýew gürrüň berýär. – Şol ýokary mekdebiň uçurymy, oýun goýujy- nakgaş, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradow bilen biz özbek halkynyň däp-dessurlaryny we durmuş ýörelgesini takyk bermäge çalyşdyk. 

Gahrymanlaryň egin-eşikleri, sahna we saz bezegi oýna özboluşlylyk beren bolsa-da, men aktýorlaryň oýnunda özbek halkyna mahsus häsiýetleriň inçelik bilen takyk berilmegini gazanmaga çalyşdym. 

Asly kärim artist bolansoň we gahrymanlaryň keşbiniň nähili döredilýändigini gowy bilemsoň, men režissýorlyk ýörelgesini birneme üýtgedip, aktýorlara keşp döretmäge döredijilikli çemeleşmäge, meniň bilen awtordaş bolmaga maý berdim. Galyberse-de, oýna gatnaşýan artistleriň dördüsi Türkmenistanyň halk artisti, dördüsi bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti. 

Bu oýna Nury Hudaýgulyýewiň benefisi diýse-de boljak, ol diňe bir oýun goýujy režissýor, onuň saz bezegini ýerine ýetiriji bolman, eýsem Karimanyň adamsy Walijanyň keşbini hem döredýär. 

Tomaşaçylar döredijilik toparynyň täze işine gowy baha berdiler, zaly dolduran sungat muşdaklary we olaryň şowhunly el çarpmalary-da muňa şaýatlyk edýär.