RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we «Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji kararyna laýyklykda, ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde bermek bellenildi. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde ýer böleklerini bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.