YKDYSADYÝETIMIZIŇ PUDAKLARYNDA ALNYP BARLAN IŞLERIŇ NETIJELERINIŇ ÝURDUMYZYŇ ÖZ DEPGINLI ÖSÜŞINI DOWAM EDÝÄNDIGINE ŞAÝATLYK EDÝÄR

Ykdysadyýetimizde jemi içerki önümiň ýokary görkezijisi 6,2 göterim möçberde saklanyp galýar. Degişli döwürde oba hojalygy 3,1 göterim, söwda ulgamy 10,7, ulag we aragatnaşyk pudagy 10, hyzmatlar ulgamy hem 8,2 göterim ösdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda bahasy 35 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän dürli desgalaryň köpçülikleýin gurluşygy dowam edýär. Olaryň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr.

Ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.

Bölek-satuw haryt dolanyşygy 2018-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 2,65 milliard manada we çykdajy bölegi 2,55 milliard manada deň boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,3 göterim ýokarlandy.