TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BUHARESTDE AZERBAÝJANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI BIREN DUŞUŞDY

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň Hazar deňzi — Gara deňiz aralygynda halkara ulag geçelgesini döretmegiň taslamasy boýunça şu aýda Buharestde geçirilen ýörite duşuşygynyň netijeleri barada habar berildi. Onuň gün tertibine Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansi portlary arkaly daşalýan ýükleri artdyrmaga degişli meseleler girizildi hem-de şu maksatlar bilen syýasy, ykdysady we logistika hem-de beýleki degişli şertler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamyndaky işjeň strategiýasyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň wekiliýeti tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur bolan çäreler boýunça teklipler taýýarlanyldy. Buharest duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Beýannama laýyklykda, bu ugurda gepleşikleri dowam etdirmek, hususan-da, tehniki meseleleri öwrenmek üçin bilermenler derejesinde iş toparyny döretmek teklip edildi.

Mundan başga-da, deňiz portlaryny ulanmak arkaly ulag geçelgesini ösdürmek boýunça Utgaşdyryjy Komiteti döretmek hakyndaky resminamanyň taslamasyny, şeýle hem bu ulag geçelgesiniň ýokary ykdysady netijeliligini ylmy we amaly taýdan tassyklamak maksady bilen, bu geçelgäniň deslapky tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak teklip edildi.

2018-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen dörttaraplaýyn bilermenler duşuşygynyň teswirnamasyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda geçelgäniň ugry boýunça ilkinji synag kerweniniň ugradylmagynyň mümkinçiligini öwrenmek teklip edilýär. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge diňe bir gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem, gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriň hem hususy ulgamynyň wekillerini çekmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 3-nji martda Gruziýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilendigi barada habar berildi. Şonuň netijeleri boýunça iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi. Türkmenistanyň we Rumyniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 4-nji martda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garaldy. Şeýle hem Azerbaýjanyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirildi. Şonuň barşynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.