TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmezden öňürti, ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz ýurdumyzyň zenanlaryna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala ojaklaryna abadançylyk, asuda we bagtyýar durmuş, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde bu hormatly ada mynasyp bolan enelere sylaglaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny guramagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzyň şäherlerinde köp çagaly maşgalalary mugt berilýän täze öýlere göçürmek dabarasyny guramak barada görkezme berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň zenanlarynyň bagtyýar durmuşy barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýurdumyzyň zenanlary ösüp gelýän nesli hakyky watançylyk, zähmetsöýerlik hem-de belent ruhy-ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemäge, Arkadag Prezidentimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileri halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigine şaýatlyk edýär.

Ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.

Bölek-satuw haryt dolanyşygy 2018-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 2,65 milliard manada we çykdajy bölegi 2,55 milliard manada deň boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,3 göterim ýokarlandy.

Wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iki aýynyň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça makroykdysady görkezijileriň, umuman, kanagatlanarly bolandygyny belläp, amala aşyrylmaly möhüm meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmegiň, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeler bolup durýandygyny nygtap, bu ugurdaky işleri çaltlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmagy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezip, dürli ulgamlarda amala aşyrylýan hyzmatlary elektron ulgama geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, anyk görkezmeler berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň döredilendigini aýdyp, pudakda gündelik meseleleri çözmek we oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak üçin, bu ministrlige ýeňillikli karz bermek hakyndaky Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamany elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýerler G.Myradowa we E.Orazgeldiýewe iberip, şol resminamada bellenen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisi wise-premýer M.Meredowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde 2019-njy ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 101,8 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 106,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy bolsa 118,1 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň meselelerini ýene bir gezek seljermegi we şolaryň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga gönükdirilýän maýa serişdeleriniň özleşdirilişini çaltlandyrmagy, energiýa göterijileri dünýä bazarlaryna ugratmagy köpugurly esasda ösdürmegi, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmäge niýetlenen häzirki zaman kärhanalary gurmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz durmuş ulgamynyň eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan gerimli özgertmeleriň möhüm ugrudygyny belläp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary hökmünde M.Meredowa şu sebitiň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda bina ediljek täze şäherçeleriň, şeýle hem Türkmenabatda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamak barada berk tabşyryk berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew sanly wideoaragatnaşyk arkaly gurluşyk, energetika toplumlarynda hem-de jemagat hojalygy ulgamynda geçen iki aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 105,8 göterim berjaý edildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy 101,1 göterim ýerine ýetirildi.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 113,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşykda zähmete hak tölemegiň täze görnüşleri hakyndaky Kararda bellenilen çäreleri çaltrak durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz zerur bolan ýagdaýynda, bu meseläni öwrenmek we iş tejribesini alyşmak üçin beýleki ýurtlara hünärmenleri iş saparlaryna ibermegiň mümkinçiliklerine garamagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz elektrik energetikasynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini belläp, wise-premýere bu ulgamyň edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleriň çalt çözülmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz energetika desgalaryny döwrebaplaşdyrmagyň, önümçilige energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda energiýa üpjünçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewi çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 111 göterim berjaý edildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde 140,2 göterim ösüş gazanyldy.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň ösüş depgini 106 göterime barabar boldy.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň ösüşi 109,7 göterime deň boldy.

«Türkmensenagat» agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işlerde 112,5 göterim, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 125,2 göterim, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 101,9 göterim, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 116,3 göterim, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işlerde 136,1 göterim, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 104,7 göterim ösüş gazanyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine gulluk iş saparyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, konserniň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegine gönükdirilen anyk meýilnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu konserniň önümçilik tabşyryklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli hasaplamalar boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň senagat kärhanalaryny öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak arkaly döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz ýurdumyzyň wekiliýetini Gazagystan Respublikasyna gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gyzyklanmalara kybap gelýän hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini doly peýdalanmakda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda toplumynda we telekeçilik ulgamynda 2019-njy ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň möçberi, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 35,9 göterim artdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu döwürde birža söwdalarynyň 42-si geçirilip, 4 müň 509 şertnama hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe hyzmat işleriniň möçberi 2,3 esse artdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — fewral aýlarynda senagat önümleriniň mukdary 15,8 göterim, şol sanda oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 3,9 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet eýeçiligini hususyýetçilige geçirmek işleriniň ýurdumyzda barha giň gerime eýe bolýandygyny belledi. Şeýlelikde, köp sanly kiçi we orta telekeçilige degişli kärhanalar, düzümler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hususy pudagy degişli işgärler bilen üpjün etmek, oňa maliýe goldawyny bermek, şol sanda telekeçilere ýeňillikli karz serişdelerini bermek, olary salgytdan boşatmak bilen baglanyşykly köp sanly meseleler ýüze çykýar. Bularyň hemmesi hereket edýän kanunçylykda öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa wise-premýer P.Agamyradow bilen bilelikde bazar ykdysadyýetiniň birinji derejeli menejerlerini we hünärmenlerini taýýarlaýan instituty döretmek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçilerini goldamagyň maksatnamasyny taýýarlamak boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde iş alyp barmak barada wise-premýer Ç.Gylyjowa berk tabşyryk berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2019-njy ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde okatmagyň 12 ýyllyk meýilnamasy we okuw maksatnamalary, çagalar baglarynyň, okuw mekdepleriniň düzgünnamalary kämilleşdirilýär. Ulgama täzeçil usullar ornaşdyrylýar. Şeýle hem sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy we Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça Konsepsiýa durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň bilim işgärleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek we şolary iş tejribesine ornaşdyrmak maksady bilen daşary ýurtlarda iş hem-de okuw saparlarynda boldular. Dürli ugurlar boýunça okuw sapaklaryny geçmek üçin daşary ýurtlardan tejribeli mugallymlar we hünärmenler çagyryldy. Ýaşlaryň arasynda hukuk medeniýeti, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça ýörite çäreler, döredijilik we bilim bäsleşikleri, sport ýaryşlary, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň maksatnamasynyň çäklerinde ylmy-amaly maslahatlar hem-de beýleki çäreler geçirildi.

Şeýle hem 2019-njy ýyl üçin aspirantura, doktorantura, kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sanawy, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjaklaryň sanawy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ekologiýa ýagdaýyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek hem-de bu sebitde maldarçylygy, balykçylygy, bag-bakjaçylygy ösdürmek boýunça ylmy-tejribe işleri geçirildi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak işleri dowam edýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bitewi öňüni alyş ulgamyny döretmek, ilatyň saglyk ýagdaýyny seljermek maksady bilen ýurdumyzyň işleýän raýatlaryna lukmançylyk gözegçiligi ýerine ýetirildi.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 149 göterime, saglygy goraýyş ulgamynda ýerlenen önümlerden we ýerine ýetirilen işlerden alnan girdeji 115 göterime, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji bolsa 125 göterime deň boldy.

Şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Halkara guramalardan Türkmenistanda iri ýaryşlary geçirmek boýunça teklipler yzygiderli gelip gowuşýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny, 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyny, ulularyň arasynda futzal boýunça Aziýa çempionatyny, kenarýaka Aziýa oýunlaryny geçirmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň meseleleri hakyndaky» Kararyna laýyklykda, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalaryny we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumyny sport binýady hökmünde peýdalanmak boýunça işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz sanly ykdysadyýetiň zerurlyklaryny nazara almak bilen, bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmak üçin zerur çäreleri görmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, şeýle hem beýleki edaralaryň ýolbaşçylarynyň bu ulgamda ägirt uly üstünlik gazanan ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek üçin iş saparlaryny guramagy we ýakyn wagtda bu babatdaky tekliplerini bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa sanly wideoaragatnaşykda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli medeni çäreler, şol sanda sergiler, duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri, wagyz-nesihat işleri, aýdym-sazly dabaralar geçirildi.

Hasabat döwründe «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça işler geçirildi. Medeniýet, döredijilik işgärleri we hünärmenler BAE-de, GFR-de, Awstriýada we Ýaponiýada iş saparlarynda bolup, halkara medeni hem-de syýahatçylyk maslahatlaryna, beýleki çärelere gatnaşdylar.

Hasabatyň çäklerinde medeniýet ulgamynyň edaralarynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, şeýle hem Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işleri barada habar berildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan önümçilik meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi. «Galkynyş» kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny jemi 21 müň nusgalykdaky kitap bilen üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň bu ulgamy ösdürmek, ýurdumyza jahankeşdeleriň has köp sanlysyny çekmek boýunça geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň çäklerinde diňe bir dünýä ähmiýetli taryhy-medeni ýadygärlikler däl-de, dünýäniň başga künjeklerinde gabat gelmeýän täsin tebigy künjekler ýerleşýär. Türkmen tebigatynyň gözelligi jahankeşdeleri barha köp özüne çekýär. Biz syýahatçylygyň dürli görnüşlerini, şol sanda ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin ähli şertlere eýediris diýip, döwlet Baştutanymyz anyk tabşyryklary berdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi talap etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny innowasiýa taýdan ösdürmegiň, olaryň işine sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy ylmy gazanylanlaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ilata dürli pudaklaryň we kärhanalaryň işlerini sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini düşündirmek üçin teleradioýaýlymlarda ýörite gepleşikleri guramak gerek. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň guramalarynyň we kärhanalarynyň düzümlerini kämilleşdirmek, olary hususylaşdyrmak hem-de hususy eýeçilige bermek meselelerine çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi hem-de bu meseleler boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda geçen iki aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Umuman, obasenagat toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň, önümleriň möçberiniň ösüş depgini 107,6 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,3 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça bolsa 105,2 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 142,4 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça Döwlet toparlary tarapyndan taýýarlanan teklipler hödürlenildi. Şoňa laýyklykda, döwlet edaralaryna we kärhanalaryna gurluşyk işleri hem-de beýleki maksatlar üçin ýer böleklerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna oba hojalyk hem-de beýleki önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek baradaky teklipler aýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiz üçin obasenagat toplumynyň ähmiýetini aýdyp, oba hojalygyna goldaw bermek işlerini yzygiderli kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň, ekerançylygy, maldarçylygy yzygiderli ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmagyň hem-de bu pudakda işleýän telekeçilere hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna, eziz Diýarymyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümçiligiň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz döwlet edaralaryna we kärhanalaryna hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer böleklerini bermek hakyndaky resminama gol çekip we ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji martda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça her ýylda geçirilýän ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Aýratyn-da, Daşoguz welaýatynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine möhüm üns berilmelidir.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynda sanly ulgama geçmek işini çaltlandyrmak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, geçen iki aýyň dowamynda Daşary işler ministrliginiň amala aşyran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi sapary boldy. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara boljak saparlaryna we beýleki döwletleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryna taýýarlyk görmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen daşary ýurtlaryň dürli derejedäki wekiliýetleriniň 60-sy ýurdumyzda saparda boldy. Şol döwürde türkmen wekiliýetleriniň 59-sy daşary ýurtlara ugradyldy. Gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň 25-si, şol sanda maslahatlar, duşuşyklar we beýleki çäreler guraldy. Şu ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 25-sine gol çekildi.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň 9-sy geçirildi. Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň, Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisleri, şeýle hem türkmen — german we türkmen — koreý işewürler forumlary geçirildi.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň Hazar deňzi — Gara deňiz aralygynda halkara ulag geçelgesini döretmegiň taslamasy boýunça şu aýda Buharestde geçirilen ýörite duşuşygynyň netijeleri barada habar berildi. Onuň gün tertibine Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansi portlary arkaly daşalýan ýükleri artdyrmaga degişli meseleler girizildi hem-de şu maksatlar bilen syýasy, ykdysady we logistika hem-de beýleki degişli şertler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamyndaky işjeň strategiýasyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň wekiliýeti tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur bolan çäreler boýunça teklipler taýýarlanyldy. Buharest duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Beýannama laýyklykda, bu ugurda gepleşikleri dowam etdirmek, hususan-da, tehniki meseleleri öwrenmek üçin bilermenler derejesinde iş toparyny döretmek teklip edildi.

Mundan başga-da, deňiz portlaryny ulanmak arkaly ulag geçelgesini ösdürmek boýunça Utgaşdyryjy Komiteti döretmek hakyndaky resminamanyň taslamasyny, şeýle hem bu ulag geçelgesiniň ýokary ykdysady netijeliligini ylmy we amaly taýdan tassyklamak maksady bilen, bu geçelgäniň deslapky tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak teklip edildi.

2018-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen dörttaraplaýyn bilermenler duşuşygynyň teswirnamasyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda geçelgäniň ugry boýunça ilkinji synag kerweniniň ugradylmagynyň mümkinçiligini öwrenmek teklip edilýär. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge diňe bir gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem, gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriň hem hususy ulgamynyň wekillerini çekmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 3-nji martda Gruziýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilendigi barada habar berildi. Şonuň netijeleri boýunça iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi. Türkmenistanyň we Rumyniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 4-nji martda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garaldy. Şeýle hem Azerbaýjanyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirildi. Şonuň barşynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine özara gatnaşyklaryň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny, şol sanda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri möçberli düzümleýin taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmäge degişli başlangyçlaryny ilerletmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberde netijeli işleri has-da işjeňleşdirmäge, ählumumy abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini belledi.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň wekiliýetiniň 11 — 13-nji mart aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherine boljak gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 1992-nji ýylyň maý aýynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri geçen döwrüň içinde türkmen — pakistan hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda — syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Häzirki döwre çenli däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 55-sine gol çekildi.

Şunda ýokary derejedäki gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hökümet derejesinde hem, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hem özara gatnaşyklar yzygiderli alnyp barylýar.

Türkmenistan hem-de Pakistan abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Goşulyşmazlyk hereketiniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler, bu babatda birek-biregi goldaýarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek maksady bilen, Yslamabada boljak gulluk iş saparynyň barşynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirmek, degişli Ýolbaşçy komitetiň 27-nji martda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň gün tertibi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem elektrik energetikasy we telekommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmäge degişli meselelere garalar.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň, Türkmenistanyň we Pakistanyň ulag kuwwatyndan peýdalanmak bilen, Hazar deňzi arkaly Ýewropa çykmak mümkinçiliklerini ulanmakda täze ulag geçelgesini döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Pakistan tarapynyň Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman hem-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag-üstaşyr geçelgelerine goşulmaga isleg bildirýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz türkmen — pakistan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, türkmen we pakistan halklaryny birleşdirýän mizemez dostluk gatnaşyklarynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy kökleriň hem-de medeniýetleriň umumylygynyň döwletara gatnaşyklaryň berk binýady bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny we halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygyny belledi. Hut Yslamabatda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti tarapyndan biziň ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgesine eýermäge çalyşýandygy hakyndaky teklibiň ilkinji gezek beýan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Pakistan bu teklibi ilkinjileriň hatarynda goldamak bilen çäklenmän, eýsem, 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş etdi.

Soňky ýyllarda türkmen — pakistan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy. Häzirki wagtda özara bähbitlere hem-de tutuş sebit möçberinde abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Döredilen ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady hem-de ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar täze taryhy tapgyrda döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.

Taraplaryň özara hoşmeýilli erk-islegi hem-de dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan meýli bilelikdäki giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýratyn belledi.

Energetika ulgamy bilen birlikde, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşýändigini nazara almak bilen, ulag ulgamynyň, sebit we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde tagallalary birleşdirmegiň hem geljegi uludyr.

Şunuň bilen birlikde, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi özara hormat goýmak we birek-birege ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetini Pakistan Yslam Respublikasyna gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň öz depginli ösüşini dowam edýändigine şaýatlyk edýändigini belledi.

Ykdysadyýetimizde jemi içerki önümiň ýokary görkezijisi 6,2 göterim möçberde saklanyp galýar. Degişli döwürde oba hojalygy 3,1 göterim, söwda ulgamy 10,7, ulag we aragatnaşyk pudagy 10, hyzmatlar ulgamy hem 8,2 göterim ösdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda bahasy 35 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän dürli desgalaryň köpçülikleýin gurluşygy dowam edýär. Olaryň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr.

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul eden maksatnamamyz hem öz netijesini berýär. Şeýlelikde, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, eksportyň möçberi 20 göterim artdy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, birnäçe meseleler çözülmän gelýär, bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek meselesi haýal çözülýär. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz wise-premýerler P.Agamyradowa we M.Çakyýewe ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde orta we ýokary okuw mekdeplerimizi internet ulgamyna birikdirmegi çaltlandyrmagy, şeýle hem ilat arasynda, aýratyn-da, oba ýerlerinde sanly ulgama geçmek syýasatyny giňden düşündirmegi tabşyrdy. Täze tehnologiýalary ulanmagyň, welaýatlarda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini wagyz etmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, aýratyn-da, welaýatlara jogapkär edilip bellenen orunbasarlara ýüzlenip, olaryň häkimler bilen bilelikde bu meseleleriň çözülişini hemişe berk gözegçilikde saklamagynyň wajypdygyny nygtady.

Mälim bolşy ýaly, biz şu ýyl ähli welaýatlarymyzda önümçilik we medeni-durmuş maksatly köp sanly desgalaryň gurluşygyna başladyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzdan ugur alyp, bu desgalaryň gurluşygynyň depginini gowşatman saklamaly we olary bellenilen möhletde ulanmaga tabşyrmaly.

Bir söz bilen aýdylanda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly hiç bir meseläni-de ünsden düşürmeli däl diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şu gün geçen iki aýda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine seredildi, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalar kabul edildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Hökümetiň agzalarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň alyp baran işleriniň netijelerine bolsa Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji çärýeginiň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde baha beriljekdigini belledi.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, ýurdumyzyň ähli aýal-gyzlaryny Halkara zenanlar güni — 8-nji mart baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Ministrler Kabinetiniň agzalaryna 9-njy martda gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda maslahat geçirip, onda şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň jemlerine seretmegi tabşyrdy.

Wise-premýer P.Agamyradowa 10-njy martda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde 2020-nji ýylda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.