ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINDE BAÝRAMÇYLYK SERGISI GURNALDY

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara Zenanlar gününe bagyşlanyp, žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy. Sungatyň ähli görnüşlerinde täze tilsimler bu serginiň özboluşly aýratynlygydyr. Bu babatda Hakasiýanyň at gazanan nakgaşy Berdiguly Amansähedowyň tematiki işler tapgyry ünsüňi özüne çekýär. Onuň işleri owadan reňkleri we gülleriň dürli yslary bilen beýhuş eýleýji bahar paslyna bagyşlanmadyr. 

Sergi “Maý aladalary” diýlip şahyrana at berlen surat bilen açylýar, onda gülläp oturan nar agajy şekillendirilen. Käte bolşy ýaly, suratyň ady oňa düşünmegiň ugruny biraz üýtgedip goýberýär. Maý aladalary - munuň özi, aslynda, söweriň bilen ilkinji duşuşyk, aşyklyk, täsirli durmuşy duýgylar bilen baglanşykly şadyýanlygyň dürli öwüşginleri ahyry. Suratyň ýordumyna syn edeniňde şeýle meňzetme döreýär, ýaýbaň nar agajy oňa her dürli düşünmäge ýardam edýär. 

Bu tapgyrdan ady bilen kybapdaş “Howlumdaky hoşboý ysly bägüller” eseridir. “Bägülleriň aýdymy” işi bahar hakda ýene bir hekaýat, işler tapgyryny jemleýän “Öýümdäki bahar” suratynda ýaýrap ösen ter otlar şekillendirilipdir. Otuň bir özi žiwopis eseriniň esasy we ýeke-täk gahrymany bolup bilmejek ýalam welin, Berdiguly Amansähedow tebigatyň ýaşyl mahmalyna bahar şahyranalygyny bermegi başarypdyr. 

Çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewanyň we onuň okuwçylarynyň sergä hödürlän şaý-sepleriniň arasynda “Küştdepdi” atly gülýaka beýlekilerden saýry gelýär. Aýjemal adaty elementlerden başga-da, onuň gurluşyna tans edýän zenanlaryň keşbini hem ýerleşdiripdir. Ussalaryň täze nesliniň diňe bir zergärlik sungatynyň asyrlarboýy kemala gelen tilsimlerini özleşdirmän, eýsem oňa ýörelgeler bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän täzelik girizmegi begendirýär. 

Aýna Patarowanyň “Bahar” diýlip at berlen keçesi sergä gelenleri haýran galdyrdy. Ýaş nakgaşlaryň dizaýnerlik tilsimleri netijesinde häzirki wagtda keçeler täzeden meşhurlyga eýe bolýar. Indi ol diňe bir jaýyň poluny ýylatman, eýsem gobelen bilen birlikde öý bezegine hem öwrülýär. Başgaça aýdanyňda, adaty garşylyklaýyn birnäçe reňke derek tematiki şekil ulanylýar. Aýna owadan gyzyl köýnekli gyzy şekillendiripdir, onuň şadyýan duýgylary Nowruz baýramynyň ruhuny nygtaýar. 

Sergide keramika işlerine hem uly orun berlipdir, olar esasan çylşyrymly şekilli we dürli bezegli güldanlar, şeýle hem heýkeljikler, meselem myhmanlary içi pişmeli mejimeli garşy alýan gyzjagazyň heýkeljigi ýaly işlerdir. Bu ýerde hem täzeçillik öz beýanyny tapýar. Zehinli ýaş keramikaçy Gülara Babaýewa üç şekilden ybarat “Tumarşa” işini görkezýär. Parfiýa şa zenany ýakyn emeldarlarynyň ikisiniň arasynda tagtda buýsançly otyr. Şekiller awangardy halaýan Gülara mahsus bolmadyk nusgawy görnüşde berlipdir. Muňa-da düşünse bolýar – ol eseriň taryhy şahsyýete bagyşlanandygyny nygtaýar.