RESMI HABAR

Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyny uzakmöhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek bilen bagly çäreleri kadalaşdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň 2019-njy ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmek tabşyryldy.