KÜŞTDEPDI TANSY — HINDISTANDA GEÇIRILEN HALKARA TANS FESTIWALYNDA

Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde 7 — 10-njy mart aralygynda Aziýa — Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) II Halkara tans festiwaly geçirildi. Onda Türkmenistanyň kenarýaka sebitinden «Dehistan» meşhur folklor-etnografiýa topary üstünlikli çykyş etdi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçiler medeniýet köşgüniň topary dünýäniň köp ýurtlarynda milli sungatymyzyň özboluşly öwüşginlerini beýan edýän çykyşlary görkezdi hem-de tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Watandaşlarymyz küştdepdi halk tansy, onuň ruhlandyryjy äheňi hem-de halk äheňleri bilen sazlaşýan adatdan daşary çeýe hereketleri bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazandylar. Aýdym aýtmagyň milli ýörelgeleriniň hem-de küştdepdi tansynyň, onuň gadymy çeşmeleriniň gaýtalanmajak täsinligi netijesinde bu tans 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Küştdepdi tansyny bütin dünýäde wagyz etmek başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi, sebäbi bu tans türkmen halkynyň döredijilik mirasynyň, taryhy-medeni däp-dessurlarynyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Arheologiýa tapyndylary hem-de ýazuw ýadygärlikleri tans etmek dessurlarynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Alymlaryň belleýişleri ýaly, Parfiýa imperiýasynyň paýtagty Nusaý şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan taryhy gymmatlyklar antik eýýama degişli bolup, onda küştdepdi tansyny ýerine ýetirýänler şekillendirilipdir.

Küştdepdi tansyny ýerine ýetirijiler asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen tans usullary, güýçli sesleri bilen durmuşyň çäksiz gaýtalanmasy, täze durmuşyň emele gelşi we söýgi barada gürrüň berýärler, däp-dessurlaryň dünýä göz ýetirmek babatynda ähmiýetini açyp görkezýärler. Tansçylar hereketleriniň depginleri ýokarlandygyça, özleriniň gujurly hereketleri bilen tomaşaçyny öz duýgularynyň gerimine çekýärler. Häzirki wagtda hem bu tans durmuşa bolan söýgini alamatlandyrmak bilen, taryhy we häzirki döwri, şeýle hem dürli medeniýetleri birleşdirýär, bu Nýu-Delide geçirilen festiwalda hem şeýle boldy.

Festiwalyň geçirilýän ýurdundan başga-da, oňa gatnaşyjy ýurtlarda bu köpöwüşginli çykyşlary teleradioýaýlymlarda görkezmegi guran ABU-nyň howandarlygy astynda bu tans baýramçylygyna Owganystandan, Bangladeşden, Butandan, Indoneziýadan, Malaýziýadan, Maldiw adalaryndan, Özbegistandan, Fijiden we beýleki ýurtlardan döredijilik toparlary gatnaşdylar. Aziýa we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň halklarynyň lybaslary, özboluşly aýdym-sazlary bu sungat baýramynyň köpöwüşginli görnüşlerini emele getirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň medeniýetiniň umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny hemişe nygtaýar. Küştdepdi tansy türkmen halk döredijiliginiň naýbaşy nusgasy hökmünde geçmişiň hem-de häzirki döwrüň döredijilik gujurynyň sazlaşygynyň özboluşly nusgasy bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli mirasymyzy bütin dünýäde giňden wagyz etmek boýunça işleriň has-da giňden geçirilmeginiň zerurdygyny belleýär.