TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, käbir döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly senelere taýýarlyk çäreleri dürli maksatly binalaryň gurluşyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek, öňde boljak şanly senelere, şol sanda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýan işleriň nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şäherde arassaçylyk, abadançylyk işlerini yzygiderli alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz baýramynyň golaýlap gelýändigini belläp, şäheriň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede guralmagy ugrunda degişli taýýarlyk işlerini alyp barmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Baýramçylyk günlerinde degişli gulluklaryň sazlaşykly işi üpjün edilmelidir we bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmegi boýunça zerur işler amala aşyrylmalydyr.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna şol birwagtda Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowy çagyrdy. Ministr häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ulaglaryň sazlaşykly hereketini, ýangyn howpsuzlygyny, şeýle hem degişli tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow IIM-niň ähli gulluklarynyň sazlaşykly işiniň zerurdygyny belläp, ugurdaş desgalaryň gurluşygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we paýtagtymyzyň çäginde ministrlige degişli gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Aşgabat şäheriniň häkimi milli Liderimiziň garamagyna Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň we sport toplumynyň desgalarynyň taslamalaryny hödürledi hem-de şolaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gurulýan desgalaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilmegi, olaryň ýokary hilli gurulmagy we öz wagtynda ulanmaga berilmegi esasy talap bolup durýar.

Milli Liderimiz geljekki gurluşyklaryň paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen utgaşmalydygyny belläp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda zerur tagallalary etmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň derejesi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde öňde boljak şanly senelere, ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, gurulmagy meýilleşdirilýän toplumlaryň gurluşygyna bellenilen möhletde girişmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar häkimiň hasabatynyň özenini düzdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, welaýatyň käbir etraplarynda, aýratyn-da, Kaka we Bäherden etraplarynda bugdaýa ideg etmekde agrotehniki çäreleriň öz möhletinde ýerine ýetirilmeýändigine düýpli nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi K.Kürtowa we Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary A.Gurbanowa hem-de Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary A.Nurgeldiýewe käýinç yglan etdi. Milli Liderimiz ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça zerur çäreleri görmegi welaýatyň häkiminden berk talap etdi.

Milli Liderimiz ekiş möwsümine guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Şunda, ekişde işlediljek tehnikalaryň sanawynyň anyk kesgitlenilmegi zerurdyr. Ýerler we beýleki serişdeler talabalaýyk taýýarlanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bag ekmek boýunça 21-nji martda geçiriljek ählihalk ýowaryna ýokary derejede taýýarlyk görüp, bu çäräni guramaçylykly geçirmek, bag ekiljek ýerleri we zerur bag nahallaryny taýýarlamak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Nowruz ýaýlasynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramy mynasybetli döwlet derejesinde geçiriljek baýramçylyk çäresini guramaçylykly geçirmek üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki çäreleri geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, öňde boljak şanly senelere, şol sanda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, bu işler bilen bir hatarda, ýaz ekişine taýýarlyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz baýramyna, şeýle hem ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleriniň degişli derejede bolmalydygyny belläp, bu çäreleriň we baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynyň, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky ähli binalaryň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem güýzlük bugdaýa idegiň derejesi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim öňde boljak şanly seneleri guramaçylykly geçirmek, aýratyn-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, munuň üçin degişli düzümleriň işleriniň utgaşdyrylmalydygyny belledi. Şunda, ýaz ekişine taýýarlyk işleri talabalaýyk ýagdaýda alnyp barylmalydyr.

Milli Liderimiz ählihalk ýowaryny we Milli bahar baýramyny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan ähli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary G.Myradowy hem göni aragatnaşyga çagyrdy.

Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen bir wagtda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Daşoguz şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş toplumynyň taslamalaryny hödürledi we onuň ýerleşjek ýerleri barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, toplumyň umumy eýeleýän meýdany 71 gektara barabar bolup, onda 1496 maşgala niýetlenen ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, şol sanda dört gatly ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen orta mekdep, çagalar bagy, Saglyk merkezi, söwda dükanlary, hyzmatlar öýi ýerleşdiriler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanşyp, gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, onda ilatyň ýokary derejeli ýaşaýşy we dynç alşy üçin zerur şertleriň döredilmegi, şeýle hem milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmagy babatda tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler, şol sanda güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri, zyýan berijilere garşy görülýän göreş çäreleri barada hasabat berdi. Şeýle hem gowaça we beýleki ekinleriň ýazky ekişine taýýarlyk, bu ugurda amala aşyrylýan agrotehniki çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk ulgamyna öňdebaryjy ylmy usullaryň ornaşdyrylmagynyň, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň çözülmeginiň wajypdygyny belledi. Ekiş möwsümine örän ykjam we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir. Çünki, ekişiň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegi geljekki bol hasylyň girewidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi B.Gylyjowa we Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary A.Öwlýagulyýewe käýinç yglan etdi hem-de Lebap welaýatynyň häkiminden işiň depginini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy hem-de olaryň depgini bilen gyzyklanyp, ähli degişli meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 21-nji martda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça geçiriljek ählihalk ýowaryna we Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni mynasybetli guraljak çärelere toplumlaýyn esasda taýýarlyk görmek babatda zerur tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýerleriň we oba hojalyk tehnikalarynyň ekiş möwsümine taýýarlyk derejesi, şeýle hem welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasyny ýerine ýetirmek ugrunda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ak ekin meýdanlarynda, aýratyn-da, medeni zolakdan uzakda ýerleşen ýaýlalardaky bugdaýa ideg işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň degişli derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, ähli agrotehniki çäreleriň kada laýyk ýagdaýda we bellenilen möhletinde ýerine ýetirilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý meýdanlarynda maýsalara ideg etmek işinde käbir etraplarda agrotehnikanyň kadalarynyň doly ýerine ýetirilmeýändigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işlere düýpli nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Mary etrabynyň häkimi A.Allamyradowa we Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary B.Ataýewe käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişine taýýarlyk çärelerini işjeňleşdirmegiň, oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ulanyş ýagdaýyny gözden geçirmegiň wajypdygy barada aýdyp, ýuwuş suwuny tutmak, daýhanlaryň netijeli işi üçin zerur şertleri döretmek babatda degişli işleriň geçirilmelidigini tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda Milli bahar baýramy we Watanymyzyň her bir künjegini bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen ählihalk ýowary mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 2-nji martda geçirilen bäşinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşiň we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen öňe ilerletmäge gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi, şeýle hem kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Hormatly Prezidentimiz durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ösdürmegiň bähbidine häzirki döwrüň anyk meselelerinden gelip çykýan wezipelere laýyklykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuşa geçirýän çärelerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça deputatlaryň alyp barýan işleriniň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, kabul edilýän kanunlar adamlaryň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagynyň bähbidine gönükdirilmelidir.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmek ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.