BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ ÝYLÝAZGYSY - 2018-NJI ÝYL: SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMY

Türkmenistanyň adamlaryň durmuş ulgamyna degişli bähbitlerini we zerurlyklaryny üpjün etmek meselelerini esasy ugur edinýän döwlet syýasatynda milli lukmançylyk ulgamyny ösdürmek möhüm görkezijileriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan uzak möhletleýin «Saglyk» Döwlet maksatnamasy milli saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine bolan täzeçil çemeleşmäni öňe sürdi. Munuň özi keselleriň öňüni almak we jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen täzeçil tehnologiýalaryň çekilmegini we pudakda giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini öz içine alýar. 

Ony we milli Liderimiziň giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ähli sebitlerinde soňky ýyllarda, şol sanda 2018-nji ýylyň dowamynda häzirki zaman hassahanalary we ylmy-kliniki merkezleri guruldy hem-de dürli derejedäki lukmançylyk we şypahana edaralary döwrebaplaşdyryldy. Olar enjamlaşdyrylyşy we hödürleýän lukmançylyk hyzmatlary babatda dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk we ylmy-barlag edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 

Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň 5 — 6-njy martynda Berlin şäherinde saglygy goraýyş boýunça nobatdaky VII Türkmen-german forumy geçirildi. Onda amaly lukmançylyk ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň geljekki ugurlaryna garaldy. 

Özara gatnaşyklaryň şeýle guraly türkmen we nemes lukmanlarynyň arasynda gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalaryň taýýarlanmagyna, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň ornaşdyrylmagyna, ylmy we ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna giň mümkinçilik berýär. 

Berlin forumynyň dowamynda ortopediýa, şol sanda çaga keseli we fizioterapiýa meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanda we Germaniýada lukmançylygyň bu ugurlarynyň ýagdaýy boýunça çykyşlar diňlenildi. Öňüni alyş işleri, ortopediýa tehnikasyndaky häzirki zaman çözgütleri, işgärleri okatmagyň aýratynlyklary giňden beýan edildi. 

Döwlet düzümleriniň, ylmy-kliniki merkezleriň, şypahana-bejeriş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden, şeýle hem mugallymlardan ybarat türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň maksatnamasyna maglumatlary alyşmak we bu ugurda bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bir hatarda, Berliniň klinikalaryna baryp görmek hem girizildi. 

Soňky ýyllarda türkmen lukmanlarynyň onlarçasy Germaniýanyň lukmançylyk merkezlerinde hünär okuwlaryny geçdiler. Häzirki döwürde taraplar ýerlerde bejeriş işleriniň alnyp barylýan merkezlerinde şunuň ýaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge meýillidirler. 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen GFR-iň Saglygy goraýyş federal ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde Türkmen-german forumy 2011-nji ýyldan bäri geçirilýär. Onuň gün tertibi bu ugurda bar bolan wajyp wezipeleri nazara almak arkaly düzülýär. Şeýle duşuşyklarda kabul edilýän çözgütler saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň artmagyny we hiliniň ýokarlanmagyny, olaryň Ýewropanyň öňdebaryjy görkezijilerine laýyk gelmegini şertlendirýär. 

Milli Liderimiziň oňyn syýasaty netijesinde ýurdumyz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleri esasynda saglygy goraýşyň milli görnüşini emele getirmekde ägirt uly üstünliklere eýe boldy. Bu bolsa köp ýurtlar üçin nusgalykdyr diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri nygtaýarlar. 

Geçen ýylyň ýaz aýlarynda BSGG-niň hünärmenleri çaganyň irki ösüşi ulgamyna irki gatnaşygyň ornaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Olar Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ýurdumyzyň çaga lukmanlary we bu ulgamda ýöriteleşen alymlar üçin 4 günlük sapak geçdiler. 

Şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň BMG-niň Çagalar gaznasynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirýän maksatnamasynyň çäklerinde BSGG-niň hünärmenleri bilen irki gatnaşygyň milli binýadyny döretmegiň meseleleri boýunça “tegelek stoluň” başyndaky maslahat geçirildi. Ol çaganyň irki ösüşindäki meseleleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. 

Duşuşykda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, çagalara ideg etmek boýunça täze usullary ornaşdyrmak babatda öňde durýan wezipeler kesgitlendi. Munuň özi irki döwürde bar bolan meseleleri ýüze çykarmaga, ene-atalara çaganyň ösüşi üçin oňyn şertleri döretmek üçin kömek bermäge mümkinçilik berýär. 

Degişli hünärmenleri taýýarlamak we bejerişiň has kämil usullaryny öwretmek meselelerine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, BSGG-niň bilermenleriniň Türkmenistana sapary mahalynda ýerlerde çaganyň irki ösüşi ulgamyna irki gatnaşygy guramak we ony ornaşdyrmak usullary bilen tanyşdyryldy. Şonda olar Mary şäheriniň we Ýolöten etrabynyň saglyk öýlerinde boldular. 

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň teklibine laýyklykda, ýokanç däl keselleriň öňüni almak babatda alnyp barylýan işlere baha bermek üçin 2018-nji ýylyň mart — aprel aýynda Türkmenistanyň ilatynyň arasynda «STEPS» barlaglary geçirildi. Ol damar-gan basyşyny, adamlaryň boýuny, agramyny ölçemek, fiziki işjeňlik derejesini kesgitlemek, gündelik harçlaýan miwelerini, gök önümlerini barlamak, şeýle hem sowal-jogap alyşmak, töwekgelçilikli ýagdaýlary ýüze çykarmak bilen barlaghana amallaryny geçirmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Alnan netijeler bu ulgamda öňegidişlikleriň bardygyny we täze sepgitleriň eýelenendigini äşgär etdi. 

Ýurdumyzda jemgyýetçilik saglygy goraýşyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça ulgamlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Geçen ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018 — 2022-nji ýyllarda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça, 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça täze milli maksatnamalary, şeýle hem Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak babatda 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklady. Olary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, çäreleriň anyk meýilnamalary kabul edildi we pudagara utgaşdyryjy toparlar döredildi. 

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda geçirilen dördünji mejlisinde “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Resminamada alkogolyň önümçiligini düzgünleşdirmek, onuň dolanyşygyny, mahabatyny çäklendirmek, ynsan saglygyny saklamak we berkitmek, keselleriň, alkogoly ulanmak arkaly ýüze çykýan hukuk bozmalaryň öňüni almak, ilat arasynda, öňi bilen bolsa, 21 ýaşa ýetmedik raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat, terbiýeçilik, lukmançylyk-arassaçylyk işlerini geçirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge goldaw bermek bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrmaga gönükdirilen hukuk, ykdysady, guramaçylyk, şypahana-sagaldyş, bejeriş-öňüni alyş we durmuş ulgamyna degişli meseleleriň toplumy kesgitlendi. 

Şunuň bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işleri dowam edýär. 2018-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda 130 orunlyk Halkara ýanyk merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Ol Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň ýakynynda ýerleşer. Şondan bir aý geçenden soň, aprel aýynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 200 orunlyk şypahananyň gurluşygy başlandy. Bu desgany 2020-nji ýylda doly taýýar edip, ulanmaga bermek meýilleşdirildi. 

19-njy iýulda Türkmenabatda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça gurlan köpugurly lukmançylyk merkezi ulanmaga berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Bu merkez ýurdumyzda we tutuş Merkezi Aziýada iri merkezleriň birine öwrüldi. 

Döwlet Baştutanymyz bu özboluşly lukmançylyk edarasynyň çäginde diňe bir ýurdumyzyň näsaglaryny däl, eýsem, daşary ýurtlaryň, öňi bilen bolsa, goňşy Owganystanyň raýatlaryny kabul etmek mümkinçiliginiň bardygyny belledi. 

Lukmançylyk merkezinde köpugurly we ýokanç keseller hassahanasy, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy bar. 676 orunlyk 5 gatly merkezi binada gaýragoýulmasyz tiz kömek bölümi we lukmançylyga degişli onlarça ugur boýunça ýöriteleşdirilen otaglar, şeýle hem döwük-ýenjik bölümi, gan banky, barlaghana we beýlekiler bar. Merkeziň üç gatly binasynda 160 orunlyk ýokanç keselleri bejerýän we onuň öňüni alyş bölümleri ýerleşdirildi. 

Bu ýerde näsaglary gyssagly getirmek zerurlygy ýüze çykan mahaly lukmançylyk awiasiýasyny herekete girizmek üçin niýetlenen dikuçar meýdançasy, aragatnaşygyň göçme ulgamyny, lukmançylyk işgärleri tarapyndan näsaglaryň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin gepleşikler gurnamasyny ulanmak göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ýerde bejerişiň hili we näsaglara edilýän hyzmatyň derejesi ýokarlandy. 

Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Türkmenabatdaky lukmançylyk merkezi bilen bir wagtda Maryda welaýat çagalar hassahanasy açyldy. Bu lukmançylyk edarasynyň düzümine hirurgiýa, gazstroenterologiýa, newrologiýa, rewmokardiologiýa, reanimasiýa, anesteziologiýa, anyklaýyş we maslahat beriş, radiologiýa hem-de kabul ediş bölümleri, barlaghana, gan banky girýär. Hassahanada oftalmolog, otolaringolog, endokrinolog, kardiolog, urolog, trawmotolog-ortoped, surdolog ýaly dürli ugra degişli hünärmenler işleýärler. 

Täze lukmançylyk edarasy ýokary derejeli anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen üpjün edildi. Olar lukmançylyk enjamlaryny we gurallaryny öndürmek boýunça ýöriteleşdirilen iri daşary ýurt kompaniýalarynyň önümleridir. Şeýle hem hassahana çagalar dünýäsine degişli bezeg serişdeleri bilen üpjün edildi. Körpe näsaglar üçin niýetlenen bir we iki orunlyk otaglarda ähli zerur şertler bar. 

Ilatyň zähmete ukyplylygynyň onuň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşyklydygy, munuň bolsa döwletiň ykdysady taýdan işjeňligine täsirini ýetirýändigi gürrüňsizdir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlaryň saglygy hakynda edýän aladasynyň esasynda diňe bir halk hojalyk bähbitleri däl, eýsem, ilkinji nobatda, her bir raýatyň saglyga, lukmançylyk hyzmatlaryna bolan üýtgewsiz hukuklarynyň üpjün edilmegi bar. Ýokary hilli lukmançylyk kömegi we keselleriň öz wagtynda öňüni almak ilatyň ähli gatlagy üçin elýeterli ýagdaýda saklanýar. 

Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň gününiň bellenýän pursatlarynda Hazaryň kenarynda täze şypahana ulanmaga berlip, ol ýurdumyzyň şeýle edaralarynyň üstüni ýetirdi. «Awaza» şypahanasy birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir. 

Dokuz gatly bina dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Olar bejeriş-dikeldiş hyzmatlarynyň giň görnüşlerini, dürli keselleriň anyklaýşyny ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Bu ýerde, esasan, dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket ediş ulgamlarynyň, nerw, endokrin, ýürek gan-damar ulgamynyň keselleri bejerilýär. 

Şypahanada balnoterapiýa, palçyk, gidroterapiýa bölümleri, SPA howuzlary, şeýle hem maslahat beriş-anyklaýyş, dikeldiş, fizioterapiýa we bedenterbiýe maşklary arkaly bejeriş bölümleri, rentgenografiýa, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, elektroterapiýa, owkalama, akupunktura, kliniki barlaghana ýaly otaglar bar. 

Şypahananyň çägindäki dikguýy 600 metr çuňlukdan ýod-bromly tebigy çeşmeden mineral suwy çykarýar. Mineral suw bilen bejermek üçin balneoterapiýa bölüminde Germaniýanyň «Unbescheiden» we «BEKA» kompaniýalarynyň önümi bolan enjamlar oturdyldy. Şeýle hem bu ýerde suwasty owkalamak we oňurgany suwastynda çekmek, el we aýak üçin niýetlenen dört kameraly ulgam oturdyldy. Şeýle hem deňiz we minerallaşdyrylan suwly howuzlarda gidroterapiýa bejergisini geçirmek bolýar. Daýanç-hereket ediş synalary keselli, şikesli ýa-da operasiýa geçiren näsaglar üçin basseýne girmek we ondan çykmak üçin niýetlenen ýörite gurallar göz öňünde tutuldy. Howuzlarda akwamaşklary ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi hem-de suwasty ýodasy guruldy. 

SPA bölüminde ýörite enjamyň kömegi arkaly akwamassaž, krioterapiýa, baroterapiýa, infragyzyl, gurak we türk hammamy, bug, galoterapiýa, aromaterapiýa, owkalama bejerişi ýaly usullar bilen adam bedenine täsir etmegiň döwrebap we netijeli ugurlary ulanylýar. 

Adamyň fiziki ýagdaýyny kesgitlemek üçin öňdebaryjy nemes enjamlary bilen üpjün edilen barlag zaly hereket edýär. Ol degişli maşklary dürs saýlap almaga, näsaglaryň hereketiniň derejesini kesgitlemäge kömek berýär. Şeýle hem şypahana elektrobejeriş, mehanoterapiýa, ergoterapiýa, iglorefleksoterapiýa, ozonoterapiýa ýaly usullar ulanylýar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uzak wagtlap ýolbaşçylyk eden, soňra bolsa hut özüniň gönüden-göni gözegçiliginde bolan häzirki zaman türkmen lukmançylygynyň ýeten sepgitleri 20 — 22-nji iýulda Aşgabatda «Saglyk — 2018» ady bilen geçirilen halkara sergide aýdyň görkezildi. Onuň çäklerinde mowzuklaýyn ylmy maslahat, şeýle hem Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin iýmitlenmegi gowulandyrmak boýunça Sebitleýin binýady döretmek barada mejlis geçirildi. Sergä dünýäniň 40 ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlarynda işleýän hünärmenler gatnaşdylar. 

Sergide Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň lukmançylyk enjamlaryny, derman serişdelerini öndürýän, dürli lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän daşary ýurtlaryň önüm öndüriji kompaniýalarynyň 240-dan gowrak önümi görkezildi. 

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, lukmançylyk ulgamynda düýpli ylmy işleriň awtory, lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasy we tejribeleri bilen häzirki zaman dünýä meýillerini özünde jemleýän milli ugruny döreden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy kitaplarynyň 10-njy jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýanyň Senior Experten Service («Uly tejribeli hünärmenler gullugy» halkara hyzmatdaşlygy boýunça nemes ykdysady gaznasy) guramasy bilen hyzmatdaşlyk birnäçe ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň özüni oňyn tarapdan görkezen görnüşleriniň biri bolup durýar. 

2018-nji ýylda Aşgabada nemes professorlarynyň 40-a golaýy geldi. Olar türkmen lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak we Ýewropa lukmançylyk tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek maksady bilen çagyryldy. 

Ýurdumyzyň lukmançylyk pudagynyň hünärmenleri bu ugurda Ýewropada öňdebaryjy hasaplanýan Germaniýanyň belli lukmanlary we professorlary bilen gatnaşyk saklamaga mümkinçilik aldylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde goýan wezipelerini çözmegiň möhüm şerti bolup durýan ýokary tehnologiýaly usullar gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýar. 

Döwlet Baştutanymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrýan syýasaty özüniň oňyn netijesini berýär. Munuň özi ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekden, döwrebaplaşdyrmakdan, öňüni alyş işleriniň gerimini giňeltmekden, ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlarynyň çäk taýdan aňrybaş elýeterliligini ýola goýmakdan, oba ýerlerindäki lukmançylyk edaralarynyň üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Kaka etrabynda 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda bu ulgama degişli desgalaryň: Duşak şäherçesinde iki gatly bäbekhananyň, Garahan obasynda Saglyk öýüniň açylmagy oba ilatyna häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň mysallary bolup biler, olarda näsaglara ýokary derejeli bejeriş we lukmançylyk anyklaýyş kömegini bermek, syrkawlykdan soň saglygy dikeltmek üçin ähli şertler döredilendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş etmek bilen, saglygy goraýyş ulgamyna iri möçberli maýa goýumlary gönükdirmegiň möhüm ugur bolup galjakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman hassahanalary we ylmy-lukmançylyk merkezleri guruldy. Sagaldyş we bejeriş edaralarynyň durky täzelenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda 122 hassahana işleýär. Olaryň aglabasy oba ýerlerinde bina edildi. 

Derman senagatynyň işi kämilleşdirilýär. Ýerli çig maldan ýokary hilli dermanlyk önümleri we lukmançylyk maksatly beýleki serişdeler öndürilýär. 

26 — 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylaryndan ybarat türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen 73-nji maslahatynda inçekeseli aradan aýyrmak hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşdy. 

Ýurdumyzyň wekilleriniň Baş Assambleýa gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň saglygyny gorap saklamaga hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreler ulgamyny peýdalanmakdan ýokary netije alynmagyna gönükdirilen döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak bilen, saglygy goraýyş meselelerine giňden çemeleşmegi iş tejribesine ornaşdyrandygy bellenildi. 

Ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesiniň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalar, şeýle hem bu ulgamda türkmen lukmanlarynyň tejribesiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit ýurtlarynda ýaýratmak üçin maslahat berlendigi Türkmenistanyň saglygy goramak babatynda ýeten sepgitleriniň ykrarnamasydyr. 

Ýokanç däl keselleriň garşysyna geçirilmeli çärelere bagyşlanan maslahatda hem Türkmenistanyň bu ugurda uly tejribe toplandygy bellenildi. Ýokanç däl keselleriň ýaýramagyny azaltmagyň iň möhüm usullarynyň biri hem bu keseller bilen baglanyşykly töwekgelçilikli ýagdaýlaryň aradan aýrylmagyna gönükdirilen tagallalar bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, temmäki serişdeleriniň ulanylmagyna garşy çäreler, sagdyn durmuş ýörelgesini hem-de beden taýdan işjeňligi wagyz etmek, şeýle hem beýleki öňüni alyş çäreleri, keselleriň ýüze çykmagyny ilkinji tapgyrlarda anyklamak hem-de olary öz wagtynda bejermek ýaly işlerdir. 

Türkmenistanyň ilatynyň arasynda çilim çekmegiň ýaýraýyş gerimi babatynda geçirilen barlaglar Ýewropa sebitinde iň pes görkeziji bolup durýandygyny görkezdi. Munuň özi ýurdumyzda temmäkiniň peýdalanylmagyna garşy göreşiň netijeli bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynda şeýle hem ýokanç däl keseller hem-de ilatyň ruhy sagdynlygy meseleleri boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň II Ýewropa maslahatyny 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde geçirmegiň meýilleşdirilendigi yglan edildi. Onuň gün tertibine Aşgabat Jarnamasynda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki maslahatynyň çykaran netijeleri boýunça Ýewropa sebitinde mundan beýläkki hereketler baradaky meseleler giriziler. 

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ÝUNISEF tarapyndan azyk önümleriniň we agyz suwunyň hili we howpsuzlygy, şeýle hem daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça yzygiderli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Soňky döwürde agyz suwuna bildirilýän talaplaryň düýpli özgerendigini bellemek gerek. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça agyz suwuny arassalaýan täze kärhanalar işe girizildi, bu bolsa ilatyň saglygynyň berkidilmegine, birnäçe keselleriň aradan aýrylmagyna gönüden-göni täsirini ýetirdi. 

Ýer, suw serişdelerini goramak, howanyň, Türkmenistanyň Aral deňzine golaý ýerleşýän çäkleriniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Şähergurluşyk syýasatynyň kämilleşdirilmegi ilatly ýerleriň daş-töwereginde hem-de medeni zolagyň golaýynda köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy, köp sanly suw çüwdürimleriniň gurulmagy, häzirki zaman awtomobil ýollarynyň çekilmegi, iri şäherlerde ulag akymyny kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýän estakadalaryň bina edilmegi adamyň saglygy üçin oňaýly ekologiýa ýagdaýyny saklap galmak boýunça geçirilýän yzygiderli işleriň möhüm bölegi bolup durýar. 

Saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ilata ýöriteleşdirilen lukmançylyk-bejeriş hyzmatlaryny hödürlemek halkara ülňülere laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk desgalaryny gurmak boýunça işleri dowam etdirmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň awtoulag duralgalary düzümini ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary hem-de sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri taýýarlamak şerti bilen, Halkara estetiki bejeriş merkezini gurmak baradaky Karara gol çekdi. 

Noýabr aýynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 200 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň gurluşygyna başlanyldy, bu desga welaýatyň täze dolandyryş merkezini gurmak boýunça giň gerimli taslamanyň çäklerinde bina edilýär. Hassahana 4 gektar meýdanda ýerleşer. 

Onuň birinji gatynda kabul ediş bölümleri, saglygy dikeldiş, şol sanda çagalar, keselleri anyklaýyş, zyýansyzlandyrmak bölümleri, barlaghanalar we beýlekiler ýerleşdiriler. Ikinji we üçünji gatlarda näsaglar üçin bejeriş otaglaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde, esasan, aýratyn howply keseller, wirusly gepatit bilen kesellän adamlar bejeriler, şeýle hem hassahanada howa-dem alyş ýoly bilen geçýän beýleki keselleri bejermek boýunça bölümler göz öňünde tutulandyr. 

2020-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan täze hassahana ýerli köne hassahananyň ornuny tutar hem-de näsaglara hili hem-de hyzmatlaryň sanawy babatynda düýpgöter başgaça lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlär, munuň özi innowasiýa häsiýetli lukmançylyk tehnologiýalary, öňdebaryjy bejeriş we anyklaýyş enjamlaryny ulanmak bilen üpjün ediler. 

Ýokanç keselleri immunoferment usuly bilen anyklamak üçin molekula-genetika barlaghanasy gurnalar. Mundan başga-da, taslamada kompýuter tomografiýasyny, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze enjamlaryny peýdalanmak esasynda ultrases barlaglaryny ulanmak göz öňünde tutulýar. Hassahana tutuş welaýatyň we ýurdumyzyň beýleki sebitleriniň ýaşaýjylaryny kabul etmek mümkinçiligine eýe bolar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu lukmançylyk edarasyny öňdebaryjy tehnologiýalar, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmegi tabşyrdy, olar lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň iň täze usullaryndan baş çykarmalydyrlar, işleriň ähli taraplaryny göz öňünde tutup, şol sanda tiz kömek gullugynyň bökdençsiz işini ýola goýmaga ukyply işgärler bolmalydyr. 

Kaka etrabynyň merkezinde hem-de Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda dekabr aýynyň ortalarynda açylan iki sany täze lukmançylyk edarasy Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryna ajaýyp Täze ýyl sowgady boldy. Hususan-da, Kaka etrabynyň Ýüzbaşy ýaşaýyş toplumynda bina edilen köpugurly hassahana iki gatly binada ýerleşýär we onda bejeriş-maslahat beriş, anyklaýyş hem-de bäbekhana bölümleri göz öňünde tutulandyr. Olaryň bir ýerde ýerleşdirilmegi lukmanlara netijeli işlemäge, näsaglara öz wagtynda we ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatyny hödürlemäge mümkinçilik berýär. 

Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda durky düýpli täzelenen hem-de iň täze enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýi häzirki zaman oba saglygy goraýyş edarasynyň nusgasy bolup durýar. Indiden beýläk diňe bir bu obanyň däl-de, goňşy ilatly ýerleriň ýaşaýjylarynyň hem bu ýerde hemmetaraplaýyn ýokary derejeli lukmançylyk kömegini almaga mümkinçiligi bolar. 

Oba saglyk öýünde enelere we çagalara hyzmatlary ýerine ýetirmek, bäbeklere seretmek, keselleri öz wagtynda anyklamak we bejermek üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. 

Şeýlelikde, ýurdumyzyň okgunly ösýän saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleri, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy, ýokary derejeli lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak, bularyň ählisi öz eziz halkynyň abadançylygyny baş maksat hökmünde öňde goýýan, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygary öňe sürýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynda möhüm orun eýeleýän köptaraply işleridir.