TÜRKMENISTAN DÜNÝÄ BAZARLARYNDA ÖNÜMLERINIŇ BÄSDEŞLIGE UKYPLYLYGYNY ÝOKARLANDYRÝAR

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji martda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde milli ykdysadyýetimiz üçin obasenagat toplumyny ösdürmegiň ähmiýetini aýdyp, oba hojalygyna goldaw bermek işlerini yzygiderli kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň, ekerançylygy, maldarçylygy yzygiderli ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmagyň hem-de bu pudakda işleýän telekeçilere hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Munuň özi azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna, eziz Diýarymyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümçiligiň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esasy wezipeleri barada aýdyp, TSTB-niň ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetinde esasy orun eýelemelidigini, ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün etmegiň möhüm guralyna öwrülmelidigini hem-de Garaşsyz döwletimiziň ählumumy ykdysady ulgama üstünlikli goşulyşmagyna ýardam etmelidigini nygtady.

Ýurdumyzyň işewürleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hususy başlangyçlar üçin döredilen amatly şertlerden netijeli peýdalanyp, häzirki döwürde önümçiligiň we marketingiň döwrebap tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen, halkara derejesine çykýarlar. TSTB-niň gatnaşmagynda Çyzykly belgiler boýunça milli gurama döredildi.

Türkmenistanda çykarylan önümiň ştrih-kody dünýä bazarlarynda üstünlikli hereket edýär. Dünýäniň esasy kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen hususy önümçilik pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady hem-de düzümi pugtalandyrylýar. Bularyň ählisi türkmen işewürligine iri hem-de örän jogapkärli taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň harytlarynyň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, 14-nji martda TSTB-de ýurdumyzdaky ilkinji hususy mikrobiologiýa barlaghanasynyň açylyş dabarasy boldy. Onda iýmit önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara ölçegler boýunça ygtyýarlylandyrmak üçin bu önümleriň garaşsyz seljermesi geçiriler. Dabara Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, hil babatda halkara ölçeglere kybap gelýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak ýurdumyzyň ählumumy ykdysady ulgama çalt goşulyşmagynyň çäklerinde örän wajyp wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ilkinji hususy mikrobiologiýa barlaghanasynyň açylmagy ýurdumyzyň azyk önümlerini öndürijileriniň eksport kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagyna, garaşsyz seljermeleri geçirmek arkaly olaryň halkara ygtyýarlylandyrmalary almagyna, milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň goldanylmagyna, Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam eder.

Bu ýerde her ýylda on bir ugur boýunça ýag, süýt, et, balyk, çörek, miwe, gök-bakja, süýji-köke we beýleki önümleriň bir ýarym million barlaglaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Barlaghananyň hünärmenleri tarapyndan synag barlagyndan geçirilen önümleri seçip almak, şolary halkara talaplara laýyklykda, bellenen ýere ýetirmek, barlaglaryň kadalaşdyryjy — tehniki resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmegini gözden geçirmek, hasabatlary taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetiriler.

Barlaghananyň esasy maksady ýurdumyzyň önümlerini ygtyýarlylandyrmak hem-de daşary ýurtlara iberilmegini ýola goýmak üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdyr diýip, dabara gatnaşyjylar bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak baradaky maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, örän wajypdyr. Indi bu önümler hil taýdan dünýäniň umumy ykrar edilen ülňülerine laýyklygy babatda barlagdan geçip biler.

Barlaghana TSTB-niň başlangyjy hem-de goldawy bilen «Hil Standart» hojalyk jemgyýeti tarapyndan USAID-iň Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek baradaky taslamasynyň ýardam bermeginde döredildi. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda barlaghana seljermelerini geçirmek baradaky hyzmatlara bazar isleglerini kesgitlemek boýunça çäreler geçirildi hem-de dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden döwrebap barlaghana enjamlary satyn alyndy.

Täze mikrobiologik barlaghana iýmit önümlerini seljermek boýunça täjirçilik hyzmatlaryny amala aşyrar. Munuň özi ýurdumyzyň önüm öndürijileri hem-de daşary ýurtlara önümleri iberijiler üçin barlaghana hyzmatlaryna elýeterliligi giňelder. Mundan başga-da, şeýle hyzmatlaryň elýeterliligi gök önümleriň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny artdyrmaga, harytlary iberijileriň esasy daşary ýurt bazarlarynda bildirilýän ygtyýarlylandyrmak talaplaryna laýyk gelmegine ýardam edýär.

Dabara gatnaşyjylar milli standartlaşdyrmak we ygtyýarlylandyrmak ulgamynyň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýandygyny nygtap, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli strategiýasy netijesinde täze barlaghananyň ýurdumyzyň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, içerki bazary pes hilli harytlardan we hyzmatlardan goramak, önümçilige iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň ençemesiniň çözülmegine ýardam etjekdigini nygtadylar.

Diýarymyzdaky ilkinji hususy mikrobiologik barlaghana ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň barha ýokarlanýandygyny nazara almak arkaly açyldy. Oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilmeginiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegine ýardam eder. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda obasenagat toplumynyň iri kärhanalarynyň birnäçesi işe girizildi.

Şolaryň hatarynda «Azapkeş» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda ýerleşýän döwrebap maldarçylyk toplumy bar. Iň täze tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylan kärhana ýylda 3 müň tonna süýt we 100 tonna et öndürmäge niýetlenendir. Öndürilýän önümleriň ählisi ekologiýa taýdan örän arassadyr hem-de hil babatda ýokary talaplara doly kybap gelýär.

Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerli «Sähra gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan guşçulyk toplumy ýylda 5 million ýumurtga hem-de 500 tonna guş etini öndürer. Kärhananyň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin telekeçilere 100 gektar ýer uzak möhletli bölünip berildi.

Murgap etrabynda hem TSTB-niň agzalary bolan işewürler tarapyndan ýylda 100 tonna süýt hem-de 100 tonna et öndürýän döwrebap maldarçylyk toplumy guruldy. Zerur ot-iým binýadyny döretmek üçin kärhana 250 gektar ekerançylyk meýdany bölünip berildi. Geljekde süýt we et önümçiligi üçin sygyrlaryň baş sanyny iki esse artdyrmak hem-de önümleri gaýtadan işleýän bölümi açmak meýilleşdirilýär.

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Çekir obasynda ýylda miwe we gök önümleriniň 1 million şertli gabyny çykarmaga niýetlenen zawod ulanylmaga berildi. Bu kärhana ýeňillikli bank karzlarynyň hasabyna «Ýakyn dost» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Täze desgada gaýtadan işleýän döwrebap önümçiligiň ähli bölümleri — önümhanalar, meýdany 100 inedördül metrden gowrak sowadyjy desgalar, ammarlar, barlaghana sazlaşykly ýerleşýär.

Şeýle maksatly desgalaryň ýene-de birnäçesi guruldy. Ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň wekilleri bazary ýokary hilli harytlar bilen doldurmak hem-de daşary ýurtlara ibermek, ýyladyşhanalaryň, oba hojalyk çig malyny gaýtadan işleýän dürli kärhanalaryň gurluşygynyň depginini çaltlandyrmak boýunça wezipeleri çözmäge saldamly goşant goşýarlar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylan mikrobiologik barlaghana ýurdumyzyň işewürliginiň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, ýurdumyzyň işewürligi milli ykdysadyýetimiziň esasy güýjüne öwrülip, onuň dürli pudaklaryna innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Ýakynda Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny amala aşyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin maglumat tehnologiýalary ulgamynda işleýän TSTB-niň agzalary ýurdumyzda IT-klasterini döretmek meselesi boýunça bilermenleriň duşuşygyny geçirdiler. Sanly düzümi döretmek, milli işgärleri taýýarlamak we beýleki meseleler onuň esasy wezipeleri bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki şertlerde islendik döwletiň ösüşi, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Ykdysadyýeti batly depginler bilen ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyny doly ulanmak, öňdebaryjy ylmy gazananlary ornaşdyrmak bu ugurda esasy şerte öwrülýär. Munuň özi ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr.

Ýurdumyzda IT-tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça giň gerimli meýilnamalary amala aşyrmak üçin mart aýynyň başynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz işgärleri, telekeçiler hem-de döwlet edaralarynyň wekilleri üçin okuw-tanyşdyryş maslahatlaryny gurady. Okuw maslahatlaryny «e-government» («elektron hökümet») ulgamyny ornaşdyrmak, şeýle hem kiberhowpsuzlyk babatda ýöriteleşdirilen Türkiýäniň öňdebaryjy «Inovera» hem-de «Telekom Telekominikasyon Dis Tiс. ve San. A.S.» kompaniýalarynyň hünärmenleri geçirdiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ykdysadyýetiň möhüm ugry hökmünde howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.

Maslahata gatnaşyjylar IT-tehnologiýalar ulgamynda, şol sanda elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň taslamalaryny amala aşyrmakda, sanlaşdyrma ulgamynda hünärmenleri taýýarlamakda türk kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

TSTB-niň işewürler merkezinde açylan ilkinji hususy mikrobiologiýa barlaghanasy öz nobatynda ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça möhüm ädimleriň biri boldy. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň ornuny has-da berkitmekde möhüm orun eýeläp, import önümleriniň ornuny tutýan, dünýäde bäsdeşlige ukyply önümleriň täze görnüşleriniň çykarylmagyny özleşdirmek hem-de harytlyk teklipleriň görnüşini giňeltmäge ýardam eder. Bu babatda döwlet tarapyndan telekeçilere hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

Hut kiçi we orta işewürlik Türkmenistanda söwda ulgamyny ösdürmek hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynydyr düzümini giňeltmek, iş orunlaryny döretmek we ýerli serişdeleriň hasabyna azyk bolçulygyny döretmek babatda itergi bolup hyzmat edýär.

Bölek haryt dolanyşygy ýurdumyzyň içerki bazarynyň ösüşiniň görkezijisi bolup, onuň möçberi, 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen ýylda 19,6 göterim ýokarlandy. Şunda onuň düzüminde döwlet pudagynyň paýyna 7,8 göterim, döwlete degişli däl pudagyň paýyna 92,2 göterim düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üýtgäp durýan islegi, sebit we dünýä meýillerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň çeýe eksport syýasatyny kemala getirmek üçin dünýä bazarynyň ýagdaýyny yzygiderli seljermegiň zerurdygyny belleýär. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň eksporty, 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 50 göterime golaý artdy.

Şunda Türkmenistanda öndürilen sementiň daşary ýurtlara iberilen möçberi 20,2 esse, haly hem-de haly önümleri 5,5 esse, gaýtadan işlenen gök önümler we miweler 3,5 esse artdy, ýüň 36,1 göterime, dokma önümleri 22,9 göterime, mineral dökünleri 18,1 göterime deň boldy.

Şeýle hem 2018-nji ýylda Türkmenistanyň eksportynyň düzüminde täze harytlar peýda boldy. Daşary ýurtlara iberilen armaturanyň möçberi ABŞ-nyň 1,4 million dollaryndan gowrak, aýna we aýna önümleri ABŞ-nyň 3,4 million dollaryndan gowrak boldy. Bu görkezijiler ýurdumyzda eksport ugurly harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça tabşyryklary ýerine ýetirmekde gazanylan netijelere şaýatlyk edýär.

Telekeçiler ýurdumyzyň bazarynda paýyny artdyrmak bilen bir hatarda, täze marketing çemeleşmeleri işjeň özleşdirip, söwda-sergi hem-de kongres işine işjeň gatnaşýarlar, daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürýärler. 2018-nji ýylda hökümetara toparlaryň geçiren mejlislerini hasaba almanyňda, Türkmenistanyň söwda-ykdysady we maýa goýum kuwwaty, şol sanda milli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagynyň kuwwaty daşary ýurtlarda geçirilen dürli çärelerde giňden görkezildi.

Geçen ýylyň sentýabrynda Wenada Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirilip, oňa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň uly wekiliýeti, şeýle hem Awstriýa Respublikasynyň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň, Ýewropa döwletleriniň iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Umuman, türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň 130-a golaýy bähbitleriň gabat gelýän ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine eýe boldular.

TSTB daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde hem-de ýurdumyzyň içerki bazaryny harytlar bilen doldurmakda uly orun eýeleýär. Ol senagat we oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberinde, haryt dolanyşygynda ýylsaýyn artýan ösüşi üpjün edýär.

Ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagynyň wekilleri ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça kärhanalary döretmekde ýeterlik tejribe toplap, gurluşyk senagatynda hem-de gurluşyk serişdelerini öndürmekde daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli bäsleşýärler.

Giňden sarp edilýän harytlaryň önümçiligi, ulag, söwda we hyzmatlar ulgamlary, logistika türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleriniň hatarynda esasy orunlary eýeleýär. Olar milli ykdysadyýetiň obasenagat toplumy, dokma we himiýa pudaklary ýaly ähmiýetli ulgamlaryna giňden gatnaşýarlar.

2018-nji ýylyň 14-nji fewralynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öz güýji bilen gurlan edara we söwda maksatly desgalar toplumy ýurdumyzyň hususy pudagynyň mümkinçilikleriniň ajaýyp nusgasy boldy.

Täze işewürler toplumy paýtagtymyzyň demirgazygynda giň gerime eýe bolup, bu ýerde telekeçiler döwrebap düzümli işewürlik merkezleriniň üç gatly binalarynyň ýüze golaýyny gurdular. Bu ýerde dolandyryş edara binalaryndan başga-da, söwda merkezleri ýerleşdirilip, şolarda hususy türkmen kompaniýalarynyň önümleri satylýar. Olar dürli gurluşyk serişdeleri hem-de senagat harytlary, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň özleşdiren, durmuşda ulanylýan himiýa serişdeleri, elektrotehnika, mebel we beýleki zatlardyr.

Şu ýylyň ýanwarynda bolup geçen Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy ýurdumyzyň hususy pudagynyň ösüşiniň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Onuň amala aşyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy.

Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň baş maksady ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmegiň, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy pudagyň ornuny artdyrmagyň hasabyna, ata Watanymyzyň geoykdysady kuwwatyny has doly peýdalanmak, ony multimodal ýollaryň sebit we halkara ulgamyna goşmak boýunça milli Liderimiz tarapyndan öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bolup durýar.

Häzir TSTB-niň agzalary birleşmäniň döredilmeginiň 11 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görýärler. Bu waka mynasybetli Söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi guralar. Ýurdumyzda telekeçiligi has-da ösdürmäge ýardam etjek bu sergide Diýarymyzyň işewürleriniň möhüm taslamalary görkeziler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giňden goldaw we üns bermegi netijesinde, işewürler milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.