img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

photo

Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifany Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginde, Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasynda dostlugyň berkidilmeginde, uzak ýyllaryň dowamynda ykdysady, ylym-bilim, medeni we halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifany Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.