img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

YHG-NYŇ BAŞ SEKRETARY DÖWLET BAŞTUTANYNY HALKARA NOWRUZ BAÝRAMY BILEN GUTLADY

photo

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 


Siziň Alyhezretiňiz! 

Ajaýyp Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr. 

Nowruzyň baýram edilmeginde hem şöhlelenýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň halklarynyň medeni umumylygy durnukly ösüş we rowaçlyk gazanmak maksatlarynda sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýär. 

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw edýärin. 

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. 

Hadi Soleýmanpur, 
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary