img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ ADYNA GUTLAG HATY GELIP GOWUŞDY

photo

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Jenap Prezident, gadyrly doganym! 


Öz adymdan we türk halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de türkmen halkyny täze başlangyçlaryň, biziň ýurtlarymyzyň asyrlar aşyp gelýän umumy däpleri bolan dostlugyň, doganlygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň, bitewüligiň we jebisligiň nyşany bolan bahar buşlukçysy Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Balkan ýurtlaryndan Orta Gündogara, Anadolydan Merkezi Aziýa çenli Nowruz baýramyny uly şatlyk bilen belleýäris. 

Arzuw-umytlaryň, täzelenişiň hem-de agzybirligiň baýramy bolan Nowruz mynasybetli Ýer ýüzüne abadançylyk, söýgi we doganlyk baradaky arzuwlarymyzy aýdýarys. 

Nowruz baýramynyň diňe bir ýurtlarymyza hem-de sebitlerimize däl, eýsem, tutuş adamzada üstünlik we parahatçylyk getirmegini dileg edýärin. 

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we rowaçlyk, dostlukly hem-de doganlyk türkmen halkyna bolsa abadan we parahat durmuş arzuw edýärin! 

Rejep Taýyp Ärdogan, 
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.