img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY

photo

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Size, Siziň maşgalaňyza hem-de Türkmenistanyň halkyna Nowruz baýramy günlerinde şatlyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Bu dabaraly günlerde dünýäniň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem köp sanly adamlar täzelenişiň, täzeden döreýşiň baýramçylygyny belleýärler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halky we işewür toparlary Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek üçin täze ugurlary kesgitleýärler. Ýakynda Hazar deňziniň hukuk derejesiniň kesgitlenilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň tebigy gazyny günbatar ugur boýunça eksport etmegiň täze mümkinçiliklerini peýdalanyljakdygyna ynanýaryn.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Hormatlamak bilen

Donald Tramp, 
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti 

 

* * *


Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident! 


Baharyň, täzelenişiň we bagtyýarlygyň nyşany bolan hem-de tebigatyň we adamlaryň bitewiligini alamatlandyrýan Milli Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň. Nowruz baýramy özüniň ruhy galkynyşy, ýyly mähri bilen adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açýar hem-de dostluk, raýdaşlyk, deňlik duýgularyny işjeňleşdirýär we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. 

Bu baýram ýüreklerde beýik duýgulary oýaryp, adamlary hoşniýetlilige çagyrýar hem-de nurana geljege bolan ynamy pugtalandyrýar. Ol özünde ýokary gymmatlyklary jemläp, türki halklaryň medeni mirasynyň ruhy hazynasynyň sanawyna girdi. Bu ajaýyp baýramçylygyň her bir öýe ýagşylyk, bolçulyk we bagt getirmegini arzuw edýärin. 

Gagauz awtonomiýasyna yzygiderli üns we goldaw berýändigiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtmaga rugsat ediň! 

Bilelikdäki işjeň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de türkmen hem-de gagauz halklarynyň bähbidine dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanjakdygyna ynam bildirýärin. 

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin! 

Tüýs ýürekden hormatlamak hem-de iň gowy arzuwlar bilen, 

Irina Wlah, 
Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk bölünişiginiň baştutany