TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, eziz Diýarymyzda şanly seneleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki wagtda paýtagtymyzda alnyp barylýan işler hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň etraplaryny abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Häkim döwlet Baştutanymyzyň garamagyna paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň taslamalaryny hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny hödürledi. Bellenilişi ýaly, olaryň gurluşygynda häzirki zaman tejribeleri peýdalanylar. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň köpugurly we toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekip, bu işlerde paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şäherde arassaçylyk, abadançylyk işlerini yzygiderli alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere häkimiň ünsüni çekdi. Şeýle-de bina edilýän desgalar özüniň ulanyş maksadyna doly kybap gelmelidir hem-de oýlanyşykly dizaýner çözgüdi bilen tapawutlanmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ak mermerli paýtagtymyzda ýola goýlan işleriň, şäher ýaşaýjylary üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belläp, bu babatda işleriň ýerine ýetirilişine, degişli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň ýola goýulmagyna gözegçilik etmegi talap etdi.

Ak mermerli Aşgabadyň şähergurluşyk-binagärlik keşbi paýtagtyň belent derejesine doly kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz anyk maslahatlary berip, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň, şäheri ösdürmek boýunça taslamalar taýýarlananda ylmyň gazananlaryna möhüm ähmiýet berilmelidir, desgalaryň ýerleşjek ýerleri we olaryň binagärlik çözgüdi seljerilmelidir diýip, şäheri ösdürmegiň geljekki taslamalaryny has-da kämilleşdirmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aprel aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk meselelerine ünsi çekip, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Şeýle hem häkim sebitde gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmegiň, aýratyn-da, häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan gowaça ekişini agrotehniki kadalara laýyk derejede we ýokary hilli geçirmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň ýene-de bir jogapkärli möwsümi bolan galla oragyna çenli az wagtyň galandygyny belläp, oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda galla ýygnaýan kombaýnlaryň, awtoulag serişdeleriniň, dänäni saklamak üçin elewatorlaryň we ammarlaryň möwsüme doly taýýar edilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen bagly meselelere degip geçmek bilen, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly seneleriň möhümdigini belläp, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Welaýatyň gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy hem-de öňde boljak şanly seneleri guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalaryny berk berjaý etmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň, bereketli hasyly almagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi hem-de meýilleşdirilen çäreleriň öz möhletinde guralmagynyň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow orak möwsüminde işlediljek galla ýygnaýan kombaýnlary, elewatorlary, awtoulag serişdelerini we ammarlary möwsüme doly taýýarlamak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we öz wagtynda gurlup gutarylmagy, döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz şanly seneler mynasybetli geçiriljek çäreler barada aýdyp, häkime anyk görkezmeleri berdi. Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitde giň gerimde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýaz ekişi möwsümine guramaçylykly başlanandygy, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesiniň yzygiderli üpjün edilmelidigini belledi. Möwsümleýin ýaz-meýdan işlerini geçirmek bilen bagly meselelere jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidir.

Milli Liderimiz oba hojalyk tehnikalaryny degişli ulanyş ýagdaýynda saklamagyň möhümdigini belläp, kombaýnlaryň, elewatorlaryň, awtoulag serişdeleriniň we ammarlaryň möwsüme doly taýýarlyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň hil derejesine yzygiderli gözegçiligiň amala aşyrylmalydygyny hem-de öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly seneleri geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitde gurulýan dürli maksatly desgalarda işleriň ýagdaýy, şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agrotehniki kadalara laýyklykda gowaça ekişiniň ýokary depginlerini üpjün etmegiň ähmiýetini belledi, bu esasy talaplaryň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz ýetip gelýän galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görülmelidigi barada aýdyp, bu jogapkärli möwsümde daýhanlaryň we mehanizatorlaryň sazlaşykly işlemegi üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy. Oba hojalyk tehnikalarynyň, däne saklamak üçin ammarlaryň taýýarlyk derejesine aýratyn üns bermek gerek.

Iş maslahatynyň dowamynda häkime welaýatda gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamak hem-de aprel aýynda belleniljek şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde oba hojalygyny ösdürmek, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde bugdaýa ideg etmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Mundan başga-da, häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, öňde boljak şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň häzirki tapgyrynyň möhüm wezipelerine ünsi çekip, ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, gowaça ekişini öz wagtynda tamamlamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz galla oragyna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň ähmiýetine ünsi çekip, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýygnalan hasyly saklamak üçin ammarlary möwsüme taýýarlamak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, olaryň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegi häkimden talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyga çagyryldy. Wise-premýer Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Ýakynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Bu özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidir.

Döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şunda türkmen-koreý dostluk toparlarynyň işi biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga ýardam edýär. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň esasy şerti bolup durýar. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan üç ugry — suw, ulag we energetika diplomatiýasy boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy nygtaldy.

Ýurdumyzda öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň işlemegi üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar, olar nebiti gaýtadan işleýän hem-de gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň başynda geçirilen Hökümetara toparyň mejlisiniň netijeli häsiýeti bellenildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň barşynda döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarynyň 40-a golaýyna gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, şu günler bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda däbe öwrülen deňhukukly, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak arkaly ýola goýulýan dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykýandygyny aýtdy. Dürli ugurlardaky döwletara gatnaşyklar köptaraplaýyn esasda we abraýly halkara, sebitara guramalaryň düzümleriniň çäklerinde berkidilýär.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet, senagat ulgamlaryndaky özara bähbitli türkmen-koreý gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de ösdürmek, netijeli işewür gatnaşyklaryny we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň doly derejede amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz senagatlaşdyrmak ulgamyny esasy ugur edinýän Türkmenistanyň täze ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar, täzeçil usullar esasynda işleýän önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, koreý hyzmatdaşlarynyň bu ugurdaky tejribelerini özleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu babatda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde koreýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda gurlan polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny üstünlikli ösdürilýän netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ulag-logistika pudagy, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bolup durýar.

Ynsanperwer ulgamy, hususan-da, ylym-bilim ulgamy türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Dostlukly döwletiň Lideriniň Türkmenistana döwlet saparynyň barşynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan buýana-da pugtalandyrmak maksady bilen, resminamalara gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bu ugurdaky işleriň has-da işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berer.

Şeýlelikde, hyzmatdaşlygy hemme taraplaýyn giňeltmek üçin mäkäm binýadyň döredilýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli pudaklarda netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksadynda täsirli çäreleri amala aşyrmak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparyna ýokary guramaçylykly taýýarlygy üpjün etmegi tabşyrdy, saparyň dowamynda ýurdumyzyň käbir welaýatlaryna hem baryp görmegiň nazarda tutulýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda GDA-nyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Arkalaşygyň giňişliginde umumy bähbitlere kybap gelýän köp taraply hyzmatdaşlygy ýola goýmaga oňyn çemeleşmeleri görkezýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Bitarap döwletimiziň GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ugurlarda ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Munuň şeýledigine şu ýyl GDA-da ýurdumyzyň başlyklyk etmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň başlyklyk etmeginde dürli ulgamlarda möhüm çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini geçirmek hakyndaky», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakyndaky», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyny geçirmek hakyndaky» resminamalara gol çekip, olary sanly elektron dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi. Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň degişli edaralarynyň we düzümleriniň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolan işleri geçirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Şeýle hem 31-nji martda aýry-aýry okruglar boýunça geçirilen möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de geňeş agzalarynyň saýlawlary barada habar berildi. Ähli saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň möhüm çärä işjeň gatnaşandygy bellenildi, munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň Watanymyzda demokratik özgertmeleriň amala aşyrylmagyna gös-göni gatnaşmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýär. Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň netijelerini ýakyn wagtda jemlär.

Şeýle hem parlamentiň ýolbaşçysy 6 — 10-njy aprelde Katar Döwletinde geçiriljek Parlamentara Bileleşigiň 140-njy maslahatyna hem-de Zenan Parlamentarileriniň maslahatyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şertidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz 31-nji martda geçirilen Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna ünsi çekip, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetini belledi. Esasy wezipe giň bäsdeşlik esasynda geçirilen saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň, açyklygynyň we aýdyňlygynyň üpjün edilendiginden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolandygyny aýdyp, bu özgertmeleriň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkitmäge gönükdirilendigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistanyň gender syýasatyny durmuşa geçirmekde ýeten derejesini giňden wagyz etmegiň, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bilen tanyşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunda Katar Döwletinde geçiriljek Parlamentara Bileleşigiň hem-de Zenan parlamentarileriň maslahatynyň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň ähmiýetine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz degişli işleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, şol sanda onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen ýurdumyzyň Mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli resminama gol çekdi we ony sanly elektron dolanyşygy arkaly Mejlisiň Başlygyna iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.