img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DAŞOGUZ WELAÝATYNDA BAGLARYŇ MEÝDANY 200 GA ARTDY

photo

Oba senagat önümçiligine uly üns berilýän Türkmenistanyň demirgazygynda miwe önümlerini öndürmegiň möçberi yzygiderli artýar. Her ýyl Daşoguz welaýatynda almanyň, armydyň, garalynyň, alçanyň, çereşnýanyň, üljäniň we beýleki ekinleriň bol hasyly alynýar, olar sebitleriň hem-de paýtagtyň söwda nokatlaryna iberilýär.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda täze miweli baglary ekmek üçin mes toprakly meýdanlardan 200 gektar ýer bölünip berildi. Mysal üçin, Köneürgenç etrabynda olar otuz gektar meýdany tutar. S.A. Nyýazow, Gurbansoltan eje adyndaky, Gubadag we beýleki etraplaryň kärendeçi bagbanlary alyjylar bazarlaryny miwe önümleri bilen üpjün etmeklige saldamly goşant goşýarlar.

Bagçylyk Daşoguz welaýatynda kem-kemden oba hojalygynyň girdejili pudagyna öwrülýär. Miweli ekinleriň tebigy-howa şertlerine görä oýlanşykly saýlanyp alynmagy, döwrebap oba hojalyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, ylmyň gazananlarynyň we ekarançylygyň iň gowy tejribeleriniň netijeli utgaşygy netijesinde miwelerden ýokary hasyl alynýar.

Ýerli telekeçilik düzümleri-de ykdysadyýetiň oba hojalyk önümçiligi pudagynyň ösüşine işjeň gatnaşýarlar.