img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ŞU ÝYLYŇ BIRINJI ÇÄRÝEGINDÄKI YKDYSADY GÖRKEZIJILER YKDYSADYÝETIŇ MAKSATNAMALARA LAÝYKLYKDA ÖSMEGINI DOWAM EDÝÄNDIGINI AÝDYŇ GÖRKEZÝÄR

photo

Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijeleri, daşarky meselelere garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanyp gelýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy amala aşyrma-gyň netijesinde, özümizde öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberi 20,7 göterim artdy diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberi 27 göterime golaý azaldy. Şu döwürde zähmet haklary 9,4 göterim köpeldi.